Hökümet mejlisinde Hazar deňziniň ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek taslamalary maslahatlaşyldy

Hökümet mejlisinde Hazar deňziniň ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek taslamalary maslahatlaşyldy

22-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek babatda döredilen hukuk, ykdysady şertler hem-de oňyn maýa goýum gurşawy esasynda iri daşary ýurt kompaniýalary bilen nebitgaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Hususan-da, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar we möhüm ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgaz ýataklarynyň özleşdirilmeginiň uglewodorod gorlaryny artdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutany bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işleri dowam etdirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993