ABŞ-nyň Prezidenti we Türkmenistanyň ilçisi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler

ABŞ-nyň Prezidenti we Türkmenistanyň ilçisi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler

Ak tamda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp bilen geçiren duşuşygynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmeklige gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär

Ilçi duşuşygyň barşynda ynanç hatyny gowşurdy.

Taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda 34 ýyldan gowrak dowam edýän gatnaşyklaryň ähmiýetini we söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, medeniýet hem-de beýleki özara bähbitli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmany bellediler.

Dabaranyň dowamynda Ilçi E.Aýdogdyýew ABŞ-nyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine dostlukly salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Belläp geçsek, geçen hepde Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Esen Aýdogdyýew Waşingtonda Senatyň we Kongresiň wekilleri, şeýle hem ABŞ – Türkmenistan işewürler geňeşiniň agzalary bilen bolan duşuşyklarda ABŞ-nyň işewürler toparynyň Aşgabada garaşylýan saparyna taýýarlyk görlüşini ara alyp maslahatlaşdy.

Taraplar söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, ulag, senagat we oba hojalyk hyzmatdaşlygyny, şeýle hem hususy pudakdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993