Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

29-njy maýda Waşington şäherindäki Ak tamda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubio duşuşyk geçirdi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we onuň dürli ugurlar boýunça ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady, energetika hem-de ulag-aragatnaşyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar energetika howpsuzlygy we energiýa serişdeleriniň iberiliş ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerini hem öz içine alýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygy, häzirki zaman howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek, şeýle hem köptaraplaýyn formatlarda, şol sanda «C5+1» platformasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerine-de garaldy.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, özara gyzyklanma döredýän ähli ugurlar boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993