Türkmenistanyň we Pakistanyň diplomatlary hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlylygyny tassykladylar

Türkmenistanyň we Pakistanyň diplomatlary hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlylygyny tassykladylar

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Mohammad Ishak Daryň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ikitaraplaýyn ykdysady we infrastruktura hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiligine aýratyn üns berildi. Şeýle hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň ösdürilmegi hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň döredilmegi ýaly sebit taslamalarynyň amala aşyrylýandygy bellenildi.

Ministrler öňde boljak ikitaraplaýyn çäreleriň taýýarlygy, şol sanda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan hökümetara toparynyň mejlisi, şeýle hem bilelikdäki işewürlik, medeni we ynsanperwer çäreleri geçirmek başlangyçlary barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de ähli derejelerde işjeň syýasy dialogy dowam etdirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993