2-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazara “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümlerini satmak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Hususan-da, Owganystan döwletiniň we BAE-niň işewürleri konsernden “TS-1” kysymly awiakerosini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Täjigistan we Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden “ECO-93” kysymly ulag benzinini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmenpagta” döwlet konserninden pagta süýümini, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginden 1-nji hilli arassalanan (rafinirlenen) pagta ýagyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 59 mln 315,8 müň manada we 46 mln 391,7 müň ABŞ dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy.