Türkmenistan we ABŞ nebitgaz, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan we ABŞ nebitgaz, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

3-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi. Ol Aşgabada iş sapary bilen Amerikanyň kompaniýalaryndan düzülen wekiliýetiň ýolbaşçysy hökmünde geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar «Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň işini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň döwlet we hususy ulgamlarynyň wekilleri bilen özara gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin netijeli platforma bolup durýandygy nygtaldy.

Duşuşykda Geňeşiň işiniň iki ýurduň arasynda döwletara baglanyşyklaryny pugtalandyrmaga, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan oňyn täsiri aýratyn nygtaldy.

Taraplar ykdysadyýetiň esasy ugurlarynda, şol sanda ulag-logistika, energetika, nebit-gaz senagaty, oba hojalygy we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyk etdiler.

Aşgabatda Geňeşiň wekilleri bilen geçirilen tegelek stoluň netijeliligi aýratyn bellenildi. Oňa ona golaý amerikan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar, şol sanda Climate Compass, John Deere, Westport Trading we beýlekiler bar. Tegelek stolda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýolbaşçylyk etdi.

Şeýle-de, şol gün «Türkmenistan – ABŞ» Işewürler geňeşiniň wekilleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993