Türkmen-amerikan işewürlik maslahatynda ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki işiň meýilnamalary maslahatlaşyldy

Türkmen-amerikan işewürlik maslahatynda ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki işiň meýilnamalary maslahatlaşyldy

4-nji iýunda Söwda-senagat edarasynda «tegelek stol» görnüşinde Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň maslahaty geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşyga ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürlerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.

Maslahata gatnaşyjylar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylmagy, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda haryt dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri barada aýdyp, ileri tutulýan ugurlarda bilelikde işlemegiň anyk meýilnamalaryny bellediler.

Senagat ulgamynda, oba hojalygynda, suw hojalygy üçin tehnikalary ibermekde söwda-maýa goýum işleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Ýangyç-energetika toplumyny, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, innowasion tehnologiýalar, kiberhowpsuzlyk, saglygy goraýyş, ekologiýa ulgamlaryny ösdürmek üçinem uly mümkinçilikler bar.

Myhmanlar öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini, Türkmenistanda giň gerimli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Iki ýurduň işewürleri hereket edýän düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maýynda döredilen Türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy birleşiginiň (TABCA) Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ozal hereket edýän platformalaryň üstüni ýetirmek bilen, gyzyklanma bildirilýän ugurlarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ABŞ-nyň işewür toparlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirildi.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993