Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

4-nji iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekilçilikli topar gatnaşdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Türkiýe söwda-ykdysady, maýa goýum, bank işi, energetika, ulag-logistika, senagat, tehnologiýalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak, şäher gurluşygy, oba hojalygy, sport ýaly ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmekde bilelikdäki hökümetara topara möhüm ornuň degişlidigini bellediler.

Gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty, energetika, ulag, azyk senagaty, oba hojalygy ýaly iki ýurt üçin hem möhüm pudaklar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.

Ulag-logistika pudagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry hökmünde bellenildi. Taraplar Merkezi Aziýa, Ýewropa sebitlerini birleşdirýän netijeli ýük daşamalary üpjün edýän döwrebap ulag düzümini kemala getirmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar. Energetika ulgamy-da mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan wajyp meseleleriň hatarynda boldy.

Mejlise gatnaşyjylar bu ulgamlardaky özara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň ykdysadyýetlerini pugtalandyrmak bilen bir hatarda, tutuş Ýewraziýa sebitinde energetika, ulag howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigini aýratyn bellediler.

Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň köpasyrlyk gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydyklaryny beýan edip, toparyň agzalary geljegi uly ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk ädimleri kesgitlediler.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklarynda geljegi uly türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993