Parnik gazlarynyň zyňyndylaryny hemra arkaly gözegçilik etmegiň häzirki zaman tehnologiýalary Türkmenistanda geçirilen onlaýn okuw sapaklarynyň temasy boldy. Okuwlar Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan durmuşa geçirilýän «Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda: «ýaşyl» ösüş ýolunda — syýasy gepleşikler we howa çäreleri (2024–2029-njy ýyllar üçin)» taslamasynyň çäginde guraldy.
Okuw sapaklary «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň Maglumat-analitiki merkeziniň binýadynda guraldy. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle hem «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.
Okuwyň çäginde hemra arkaly gözegçiligiň häzirki zaman çemeleşmeleri, maglumatlary gaýtadan işlemek usullary, şeýle hem zyňyndylary awtomatiki ýüze çykarmak we olaryň hiline gözegçilik etmek tehnologiýalary görkezildi.
Maglumatlary amaly taýdan ulanmaga we halkara ülňülerine, şol sanda OGMP 2.0 başlangyjyna we Ýewropa Bileleşiginiň talaplaryna aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar «GHGSat» platformasynyň analitiki mümkinçilikleri bilen tanyşdylar we ylmy-tehniki meseleleri gepleşik görnüşinde ara alyp maslahatlaşdylar.
Çäräniň jemleri boýunça diňleýjiler alnan bilimiň ýurtda ekologik gözegçiligi ösdürmek üçin amaly ähmiýetini bellediler.