Türkmenistanyň we ABŞ-nyň wekilleri energetika we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň wekilleri energetika we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Esen Aýdogdyýew Waşingtonda amerikaly senator Stiw Deýns bilen onuň edarasynda duşuşyk geçirdi.

Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy goşup, türkmen-amerikan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de, geljekki gatnaşyklar boýunça pikir alşyldy. Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň habar bermegine görä, iki ýurduň arasynda yzygiderli gepleşikleri saklamagyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993