24-nji iýunynda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew, gazak tarapyna bolsa Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Apparatynyň ýolbaşçysy Galymjan Koýşybaýew ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, nebit-gaz, oba hojalygy, ylmy-tehniki hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garadylar. Iki döwletiň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi netijesinde söwda-ykdysady gatnaşyklarynda durnukly oňyn ösüşiň gazanylýandygy bellenildi. Şeýle hem özara önüm üpjünçiliginiň möçberleriniň ep-esli artýandygy nygtaldy.
Hökümetara toparyň mejlisiniň çäklerinde türkmen-gazak işewürler forumy geçirildi. Oňa iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleri gatnaşdylar. Çärä Türkmenistandan öňdebaryjy 40-a golaý kompaniýanyň hem-de Gazagystanyň işewür toparlarynyň we ösüş institutlarynyň 100-den gowrak wekiliniň gatnaşandygy bellenildi.
Forumyň dowamynda gazak tarapy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi uly ugurlaryny hödürledi. Aýratyn-da, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, gurluşyk pudagy, farmasewtika we oba hojalyk önümçiligi ugurlarynda önümleriň üpjünçiligini ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Öz gezeginde türkmen işewürleriniň wekilleri gazak kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge we ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Çäräniň çäklerinde birnäçe anyk ylalaşyklar gazanyldy.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, senagat kooperasiýasyny giňeltmegiň, sanly çözgütleri ornaşdyrmagyň we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.