Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK gaznasyny ösdürmegiň forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK gaznasyny ösdürmegiň forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Wena şäherinde geçirilýän OPEK-iň Ösüş forumy — 2026-a gatnaşýar. Bu barada 24-nji iýunda Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.

«Ertirki günüň mümkinçiliklerini giňeldýän geçiş» diýen şygar astynda guralan foruma dünýäniň dürli künjeklerinden hökümetleriň, halkara ösüş guramalarynyň we işewür toparlaryň wekilleri ýygnandy.

Şu ýyl çäre OPEK-iň Halkara ösüş gaznasynyň 50 ýyllygyna bagyşlanýar. Saparyň çäginde türkmen wekiliýeti OPEK-iň Halkara ösüş gaznasynyň Prezidenti doktor Abdulhamid Alhaliýfa, Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň Baş direktory Mohammed Saif Al Suwaýdi we Türki maýa goýum gaznasynyň Prezidenti Bagdat Amreýew bilen duşuşyklar geçirdi.

Türkmen wekiliýetiniň foruma gatnaşmagy ýurduň halkara maliýe we ösüş guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň dowam edýändigini görkezýär.

OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy — Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasyna (OPEK) agza döwletler tarapyndan 1976-njy ýylda döredilen köptaraply maliýe guramasydyr. Bu düzümiň esasy maksady OPEK-e agza bolmadyk ýurtlaryň sosial-ykdysady ösüşini höweslendirmekden ybaratdyr.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993