26-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna täze önümçilikleri döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply nebithimiýa önümleriniň öndürilmegine ýardam berer.
Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän senagaty yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, nebithimiýa önümleriniň önümçiligini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze önümçiligi döretmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.