Türkmenistan «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň täze hyzmatdaşlyk tekliplerine seretmäge taýýar

Türkmenistan «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň täze hyzmatdaşlyk tekliplerine seretmäge taýýar

29-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany işewüriň ýurdumyza amala aşyrýan şu gezekki saparynyň Türkmenistan bilen «Toyo Engineering» kompaniýasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalary Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda birnäçe taslamalary durmuşa geçirdiler. Ýurdumyz bilen «Toyo» kompaniýasynyň arasynda nebitgaz, himiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Onuň gatnaşmagynda Gyýanlyda ägirt uly gazhimiýa desgasynyň — polimer zawodynyň gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalaryny, senagat pudagyndaky özgertmeleri, işewürlik üçin döredilýän oňaýly şertleri göz öňünde tutup, geljekde hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmek babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi hem-de ýurdumyzyň «Toyo Engineering» kompaniýasynyň nebitgaz, himiýa senagaty boýunça tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Işewür bildirilýän ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993