29-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juwy kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti işewüriň ýurdumyza saparynyň dowamyndaky duşuşyklarynyň üstünlikli geçjekdigine hem-de olaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklara ýokary baha berýär. Iri koreý kompaniýalarynyň dürli ulgamlarda, ilkinji nobatda, nebitgaz toplumynda we himiýa senagatynda alyp barýan netijeli işleri munuň aýdyň mysalydyr.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyz bilen «Daewoo» kompaniýasynyň arasynda oňyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýdyp, häzirki wagtda bu kompaniýanyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň taslamasyny durmuşa geçirýändigini, bu taslamanyň milli himiýa senagatynyň önümleriniň diňe bir içerki bazary üpjün etmäge däl, eýsem, daşary ýurtlara eksportynyň gerimini giňeltmäge-de mümkinçilik berjekdigini nygtady.
Işewür bildirilýän ynam we netijeli iş alyp barmaga döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşant goşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belledi.