29-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň wise-prezidenti Kenji Sanadany kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany işewüriň saparynyň dowamynda ýurdumyz bilen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça gepleşikleriň geçiriljekdigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, saparyň üstünlikli geçmegini, onuň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga itergi bermegini arzuw etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde ýapon kompaniýalarynyň uly goşandyny belläp, köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda taslamalary amala aşyrandyklaryny aýtdy. «Kawasaki» kompaniýasy bilen hem netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy we dürli ugurlarda tejribe toplandy.
Kenji Sanada bildirilen uly ynam hem-de geljegi uly türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaga döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.