Hytaýyň «SINOPEC» korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy 4 ýylyň içinde umumy bahasy takmynan 200 million ABŞ dollaryna barabar bolan 1 million tonnadan gowrak nebit çykardy. Bu barada “Biznes Türkmenistan” neşiri habar berýär.
Hytaýyň nebithimiýa korporasiýasyna degişli bolan halkara nebit-hyzmat kompaniýasynyň bu taslamasy «Türkmennebit» döwlet konserni bilen baglaşylan şertnamanyň çäklerinde amala aşyrylýar.
Kompaniýa nebit-hyzmat işleriniň giň gerimini ýerine ýetirýär we häzirkizaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy netijesinde bir gije-gündizde çykarylýan nebitiň möçberi 1,5 müň tonnadan gowrak artdy.
1 million tonnadan gowrak çig nebitiň çykarylmagy taslama gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde gazanan uly üstünligi bolup, bu «SINOPEC» toparynyň Türkmenistandaky hünär ussatlygyny, serişdeleri utgaşdyrmak derejesini we işe bolan jogapkärli çemeleşmesini aýdyň görkezýär.
«SINOPEC» şahamçasy, şeýle hem Şatlyk, Döwletabat, Ýaşyldepe we Bagtyýarlyk ýataklarynda geçirilen işlere gatnaşyp, ol ýerlerde guýulary burawlamak, düýpli abatlamak hem-de nebit we gaz çykarylyşyny artdyrmak boýunça taslamalary durmuşa geçirdi.
Geljekde kompaniýa Türkmenistanda häzirkizaman tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmegi, maýa goýlan ýataklary özleşdirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmagy we täze taslamalary amala aşyrmagy maksat edinýär.