“Nebitdag” buraw işleri müdirligi bellenilen meýilnamadan öňde barýar

“Nebitdag” buraw işleri müdirligi bellenilen meýilnamadan öňde barýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Nebitdag» buraw işleri müdirligi 2026-njy ýylyň başyndan bäri meýilnamalaýyn borçnamalary artygy bilen ýerine ýetirýär.

Müdirligiň meýilnamasyna laýyklykda, ýylyň bäş aýynyň dowamynda 7 müň 191 metr burawlamak we 4 sany guýuda gurluşyk işlerini tamamlap, olary ulanmaga bermek göz öňünde tutulan hem bolsa, iş ýüzünde 7 müň 387 metr burawlanyp, bu görkeziji boýunça tabşyryk 102,7 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda bu müdirlik tarapyndan Nebitdag, Goturdepe, Barsagelmez, Demirgazyk Goturdepe, Günbatar Goturdepe, Gündogar Çeleken we Mydar ýataklarynda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen «ZJ-70 DS», «ZJ-30T», «HJ-750», «HJ-450» kysymly 12 sany kuwwatly buraw enjamlarynyň kömegi bilen ulanyş guýularynda buraw işleri alnyp barylýar.

Gurluşyk işleri tamamlanan Nebitdag, Günbatar Goturdepe, Demirgazyk Goturdepe we Mydar ýataklaryndaky dört sany guýy buýrujylara tabşyryldy, meýilnama 100 göterim berjaý edildi.

Şeýle hem «Hazargazçykaryş» nebitgazçykaryş müdirligine degişli bolan Gündogar Çeleken meýdançasynyň taslama çuňlugy 3 müň 600 metre barabar bolan 90-njy belgili guýusynda taýýarlyk işleri geçirildi, burawlama dowamynda barlag geçirmek göz öňünde tutulýar.

«Ýaşyldepagazçykaryş» nebitgazçykaryş müdirligine degişli Mydar meýdançasynyň taslama çuňlugy 2 müň metre barabar bolan 32-nji belgili guýusynda buraw enjamlaryny gurnamak işleri tamamlandy, burawlama döwri dowam edýär. Gündogar Demirgazyk meýdançasynyň 400-nji belgili buraw enjamlarynda diňi gurnamak işleri alnyp barylýar. Barsagelmez, Goturdepe, Mydar ýataklaryndaky 7 sany guýuda bolsa buraw işleri üstünlikli dowam edýär.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň hünärmenleri ýyly üstünlikli tamamlamak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Munda «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň burawçylarynyň mynasyp goşandy bar.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümindäki esasy kärhanalaryň biri bolan «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Nebitdag» buraw işleri müdirligi 1971-nji ýylda döredildi. Şu ýylyň 1-nji iýunynda müdirligiň döredilenine 55 ýyl doldy.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993