Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyplary Hytaýda okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyplary Hytaýda okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary 29-njy iýundan 20-nji iýula çenli Pekindäki Hytaý nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler.

Üç hepdelik tomusky okuw-önümçilik tejribeligi üçin Hytaý nebit uniwersiteti tarapyndan ýörite maksatnama taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, HNGU-nyň talyplary okuw-tejribe barlaghanalary, okuw merkezleri we muzeýleri bilen tanşarlar.

Talyplar şeýle hem Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasyna (CNPC) we onuň önümçilik desgalaryna, Geologiýa muzeýine, Hytaýyň ylym we tehnika muzeýine, şeýle hem Beýik Hytaý diwaryna baryp görerler. Mundan başga-da, türkmenistanly talyplaryň «Hytaý diliniň esaslary», «Hytaý medeniýeti» atly gysga möhletli bilim kurslaryna, şeýle hem «Ýaşyl energetika we uglerod zyňyndylaryny azaltmak», «Nebitiň we gazyň geljegi» hem-de «Ýüpek ýolunyň çäklerinde energetika hyzmatdaşlygynyň geljegi» mowzuklary boýunça leksiýalara we seminarlara gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Okuw-önümçilik tejribeligi ylym we bilim pudagynda hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen 2023-nji ýylda Hytaý nebit uniwersiteti bilen baglaşylan Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama we Ylalaşyga laýyklykda guraldy. HNGU-nyň saýtynda bellenilişi ýaly, bu tejribelik talyplara alan nazary bilimlerini tejribede berkitmek üçin giň mümkinçilikleri döreder.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993