3-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berdi.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýangyç-energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, onuň garamagyndaky önümçilikleri zerur serişdeler bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda degişli işler ýerine ýetirilýär. Bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi önümçilik desgalaryny döwrebap enjamlar bilen üpjün etmäge, önümçilik tapgyrlaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz toplumyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.