Gahryman Arkadagymyz ABŞ-nyň Senatynyň wekili bilen ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Gahryman Arkadagymyz ABŞ-nyň Senatynyň wekili bilen ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

9-njy iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýns bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan ABŞ bilen özara hormat goýmaga, ynanyşmaga, düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurtlarymyz köp ýyllaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar.

Duşuşygyň dowamynda ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlary hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin geljegi uly ugurlaryň hatarynda bellenildi. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we baý tebigy gorlary halkara derejede iri taslamalary öňe sürmäge şert döredýär.

Ýurdumyz Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge, sebitde geljegi uly Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini durmuşa geçirmäge ABŞ tarapyndan berilýän ünse we goldawa ýokary baha berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu taslamanyň ykdysady durnuklylygy, sebit hyzmatdaşlygyny, abadançylygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993