2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edilip, 39 milliard 147,2 million kub metr tebigy gaz, 4 million 129,8 müň tonna nebit çykaryldy.
Bu barada Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynyň jemlerine bagyşlanyp 10-njy iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde habar berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 0,7 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 7,2 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 39,9 göterim, suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi 64,5 göterim artdy.