TDHÇMB-niň söwdalarynda suwuklandyrylan gaz we polipropilen ýokary islegden peýdalandy

TDHÇMB-niň söwdalarynda suwuklandyrylan gaz we polipropilen ýokary islegden peýdalandy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň telekeçilerine tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümler, pagta ýagy, aşgarlanmadyk mata, nah ýüplük, jins we nah matalar, jins çadyrlar, arassalanan dokma önümleriniň galyndylary, suw gyzdyryjy enjamlar we santehnika önümleri ýerlenildi.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 297 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 128 million 216 müň manada deň bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), bugdaý ununy, nah ýüplügi, çig ýüpegi we pagta süýümini satyn aldylar.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993