Türkmenistanyň we Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçylary energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçylary energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

14-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depginini kanagatlanma bilen bellediler. Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyga döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki yzygiderli we ynanyşmaga esaslanýan gepleşikleriň kuwwatly itergi berýändigi aýratyn nygtaldy.

Diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine aýratyn üns berdiler.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika we senagat ulgamlarynda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşy jikme-jik seljerildi.

Şeýle hem ylym, bilim we sungat ugurlarynda bilelikdäki çäreleriň geçirilmegini öz içine alýan däp bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesine aýratyn üns berildi.

Daşary işler ministrleri sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm ugurlary boýunça hem pikir alyşdylar hem-de Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerinde taraplaryň garaýyşlarynyň ýakyndygyny tassykladylar diýlip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň energetika pudagynda strategik hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini bellemek gerek. Özara gatnaşyklar uglewodorod serişdeleriniň däp bolan üpjünçiligini, energetika serişdeleriniň üstaşyr geçirilmegi, şeýle hem energiýa ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we "ýaşyl" energetika ugurlarynda tejribe alyşmagy öz içine alýar.

Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisi arkaly tebigy gazyň üstaşyr geçirilmegi we üpjün edilmegi durýar.

Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we logistika bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli ýagdaýda iň ýokary döwlet derejesinde ara alnyp maslahatlaşylýar.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993