Türkmenistan we Germaniýa energetika, ulag, maýa goýumlar ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Germaniýa energetika, ulag, maýa goýumlar ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Germaniýanyň ykdysadyýeti boýunça Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşygynda türkmen-nemes söwda-ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada 15-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler. Daşary işler ministrliginiň nygtaýşy ýaly, taraplar söwda-ykdysady aragatnaşyklary çuňlaşdyrmaga aýratyn üns berdiler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň senagat pudagyny döwrebaplaşdyrmakda öňdebaryjy nemes tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri garaldy.

Şeýle hem däp bolan energetika pudagynda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmakda we suw serişdelerini rejeli peýdalanmakda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň esasy logistika merkezi hökmündäki ýokary kuwwaty bellenilip, infrastrukturasyny ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamalara bolan gyzyklanma beýan edildi.

Taraplar bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny goldamak üçin Germaniýanyň maliýe institutlary bilen özara hereketleri berkitmegiň ýollaryny hem kesgitlediler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar dialogy mundan beýläk-de giňeltmäge ikitaraplaýyn ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993