Jakarta şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasynyň (ASEAN) Baş sekretary Kao Kim Hornyň arasynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň ASEAN ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň geljegi maslahatlaşyldy. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ASEAN bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Assosiasiýa bilen ulag arabaglanyşygy, energetika, söwda, maýa goýumlar, sanly ykdysadyýet, innowasiýalar, bilim, ylym, syýahatçylyk we medeni-ynsanperwer alyşmalar ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy diýip, DIM belleýär.
Şeýle hem taraplar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, azyk we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, sanly özgertmeleri ilerletmek hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Şol gün Ahmet Gurbanow şeýle hem Indoneziýanyň Söwda ministriniň orunbasary Dýaha Roro Esti Widýa Putri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň amaly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň we işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge, bilelikdäki işewürlik forumlaryny, söwda-ykdysady missiýalary hem-de milli sergileri guramaga, şeýle hem ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň barşynda halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma tassyklanyldy we Türkmenistanyň Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasy (ASEAN) bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, şol sanda «Merkezi Aziýa + ASEAN» dialog görnüşini döretmek baradaky başlangyjy ilerletmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçirilen çäreleriň jemleri boýunça taraplar türkmen-indoneziýa hyzmatdaşlygyny hem-de Türkmenistanyň ASEAN bilen hyzmatdaşlygyny özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.