18-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu ugurda geçirilýän netijeli işler türkmen tebigy gazyny içerki sarp edijilere hem-de eksport ugurlaryna ygtybarly akdyrmaga ýardam edýär.
Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary, hususan-da, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň degişli kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň türkmen-german işewürligini ösdürmek babatda döredip berýän şertleriniň aýdyň netijesidir.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutany nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan degişli Karara gol çekdi we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.