“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 19-njy iýulda Karara gol çekdi.

Satyn alynýan enjamlar konserniň garamagyndaky edara-kärhanalar üçin niýetlenendir.

Täze ýöriteleşdirilen enjamlar konserniň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga we olaryň bökdençsiz işini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Belläp geçmeli zat, Germaniýanyň "VIETZ GmbH" kompaniýasy (ştat-kwartirasy Gannower şäherinde ýerleşýär) magistral nebit we gaz geçirijilerini gurmak hem-de olara hyzmat etmek boýunça toplumlaýyn enjamlary öndürýän we üpjün edýän abraýly ýewropaly öndürijileriň biridir.

Kompaniýa şeýle hem agyr turba tehnikasyny, kebşirleýiş traktorlaryny, gidrawlik stansiýalaryny, turbalary egriji maşynlary we kebşirleýiş tikinleriniň hiline gözegçilik edýän ulgamlary çykarmak boýunça ýöriteleşýär.

"VIETZ" tehnikalary adatdan daşary howa şertlerine niýetlenen bolup, bu onuň Merkezi Aziýadaky giň göwrümli gaz geçiriji taslamalarynda örän islegli bolmagyny üpjün edýär.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993