Mary welaýatynyň «Ýylan» käninde ýokary hilli gazyň akymy alyndy

Mary welaýatynyň «Ýylan» käninde ýokary hilli gazyň akymy alyndy

Mary welaýatynyň «Ýylan» käniniň № 04 baha beriş-ulanyş guýusynda 2916 metr çuňluga çenli burawlamak işleriniň netijesinde 2860–2858 metr aralygynda gije-gündizde 700 müň kub metrden gowrak debitli tebigy gazyň täze senagat akymy alyndy.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawlaýjylarynyň üstünligi Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de berkitmäge mynasyp goşant goşýar.

Täze guýynyň esasy aýratynlygy — çig malyň ýokary hilli we arassa bolmagydyr. Bu ýerde çykarylýan tebigy gazyň düzüminde kükürdiň ýokdugy aýratyn bellärliklidir. Bu bolsa onuň ekologik taýdan arassalygyny we senagat üçin ýokary täjirçilik bahasyny üpjün edýär.

Tebigy gazyň täze senagat taýdan ähmiýetli akymynyň alynmagy käni mundan beýläk-de giň gerimde özleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar, bu hem Türkmenistanyň gaz pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga we içerki sarp edijileri durnukly üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Soňky ýyllarda «Ýylan» käni «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýörite üns merkezinde saklanýar. Onuň sebitiň beýleki iri känleriniň — aýratyn-da «Galkynyş» ägirt uly käniniň golaýynda amatly geografik ýerde ýerleşmegi täze desgany eýýäm bar bolan gaz ulag infrastrukturasyna aňsatlyk bilen birikdirmäge mümkinçilik berýär. Geljekde bu pudak hem içerki zerurlyklar, hem-de halkara magistrallary üçin çig malyň ygtybarly goşmaça çeşmesi bolar.

Häzirki wagtda «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawlaýjylary «Ýylan» käninde işleri sazlaşykly dowam etdirýärler. Türkmenistanyň Prezidentiniň tebigy gaz çykarmagy artdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirip, zähmetsöýer gazçylar Watanymyzyň gülläp ösmegine saldamly goşant goşýarlar.  

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993