OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.

Sergä nebitgaz pudagynyň öňdebaryjy kärhanalary, inženerçilik we hyzmat ediş kompaniýalary, senagat enjamlaryny öndürijiler, sanly çözgütleri işläp düzüjiler, awtomatlaşdyrmak tehnologiýalaryny, ekologik çözgütleri, logistika hyzmatlaryny we ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligini üpjün edijiler gatnaşarlar.

Öňümizdäki sergi däp bolan döwrebap tehnologik işläp düzmeleri görkezmek, amaly tejribe alyşmak, täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolar.

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) halkara maslahaty we sergisi Aşgabatda 21–23-nji oktýabr aralygynda "Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş" şygary astynda geçer. Gurnaýjylar "Türkmennebit" we "Türkmengaz" döwlet konsernleri, "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasy bolup, olar "Türkmen Energiýa Forum" hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler.

OGT forumy 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda öňdebaryjy pudak bilermenlerini, döwlet edaralarynyň wekillerini, milli hem-de halkara energetika kompaniýalaryny, maýa goýum jemgyýetini we ylmy guramalary bir ýere jemleýän abraýly halkara pudaklaýyn meýdançalarynyň biri bolmagynda galýar.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993