Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary Malaýziýa tejribe geçmäge ugradyldy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary Malaýziýa tejribe geçmäge ugradyldy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň bir topary 14-nji iýulda «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetinde bilim almak we hünärini ýokarlandyrmak üçin Malaýziýa ugradylar.

«PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň ýöriteleşdirilen okuw merkezi 2 hepdelik bilim beriş we 1 hepdelik hünär ýokarlandyryş maksatnamasyny taýýarlady.

Şunlukda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary täze tehnologiýalary işläp düzmek, önümçilige sanly tehnologiýalary ham-da emeli aňy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly hünär ugurlary boýunça bilim alarlar. Olar şeýle hem Malaýziýadaky «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetinde okuwyň guralyşy we ýokary okuw mekdebiniň gurluşy bilen tanşarlar.

Malaýziýanyň «PETRONAS» Tehnologiýa uniwersitetinde geçilýän bilim we önümçilik tejribesi talyplar üçin uly ähmiýete eýe bolup, olaryň nazary bilimlerini amaly başarnyklar bilen baýlaşdyrmagyna ýardam eder. Mugallymlar üçin niýetlenen hünär ýokarlandyryş okuwlary bolsa öňdebaryjy dünýä tejribesini öz mugallymçylyk işine yzygiderli ornaşdyrmaga kömek eder. Bu barada turkmennebit.gov.tm saýtynda habar berilýär.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993