Ýangyç-energetika toplumy türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar

Ýangyç-energetika toplumy türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar

27-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Myhman Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Masud Pezeşkianyň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Şeýle hem hanym Farzane Sadeg Malwajerd Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Eýrana amala aşyran saparynyň we onuň çäklerinde EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen geçiren duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berendigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hanym Farzane Sadeg Malwajerdiň ýurdumyza saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçirjek duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara gün tertibiniň möhüm bölegi bolup durýar. Eýran Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda esasy orunlaryň birini eýeleýär.

Ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy we ulag-kommunikasiýa ýaly pudaklarda netijeli we özara bähbitli gatnaşyklar ösdürilýär. Hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli işjeňleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler özara hyzmatdaşlygy giňeltmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň möhüm ornuny bellediler. Bu toparyň alyp barýan işi hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini we ugurlaryny açmaga hem-de ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri ýerine ýetirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler netijeli döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993