Türkmenistanyň gaz pudagy täze sepgitlere çykýar
11.08.21 - 17:14Şu ýylyň ýedi aýynda tebigy we ugurdaş gazyň çykarylan mukdary ýurdumyz boýunça 48,7 milliard kubmetre golaý boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde olar 9 milliard kubmetrden hem gowrak artdy. Tebigy gazyň 27 milliard kubmetre golaýy eksporta ugradyldy, bu görkeziji geçen ýylyň 7 aýyna garanyňda 7,3 milliard kubmetr köp boldy. Ösüş depgini 137 göterime deň boldy. Ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň agramly bölegi Hytaý Halk Respublikasyna ugradyldy.
«Şatlykda» hyzmatlar talabalaýyk guralýar
12.08.21 - 15:11Gahryman Arkadagymyzyň tomus paslynda bagtyýar raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, dynç alşyny talabalaýyk guramak baradaky tabşyryklary esasynda häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli şypahanalarynda, dynç alyş merkezlerinde adamlar rahat dynç alýarlar hem-de saglygyny berkidýärler.
Ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.08.21 - 15:41«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty, Tehnologiýalar merkezi tarapyndan wideoaragatnaşyk arkaly «Innowasion barlaghana enjamlaryny netijeli peýdalanmagyň mümkinçilikleri» atly maslahat geçirildi.
«Nebitgaznebit»: gaýtadan dikeldilen guýular «gara altynyň» senagat akymyny berdi
10.08.21 - 15:56«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgaznebit» nebitgazçykaryş müdirliginiň abatlaýyş brigadalary öndürijiligini peselden guýularda abatlaýyş-dikeldiş işlerini üstünlikli ýerine ýetirýärler we olary ulanyşa tabşyrýarlar.
Birža söwdalarynda 109 mln 678 müň dollarlyk türkmen önümleri eksport edildi
10.08.21 - 15:01Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 109 million 678 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlaryna tebigy gazyň iberilişini düýpli artdyrmaga taýýar
10.08.21 - 15:05Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna özara bähbitli şertlerde ýa-da olaryň çäkleriniň üsti bilen daşarky bazarlara öz tebigy gazynyň iberilişiniň möçberini ep-esli artdyrmaga taýýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Bedimuhamedow «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutnalarynyň Konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda aýtdy.
Ärdogan Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Baştutanlarynyň sammitini yza süýşürmegi teklip etdi
08.08.21 - 23:21Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly gepleşiginde şu ýylyň awgust aýynda meýilleşdirilen Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Baştutanlarynyň sammitini yza süýşürmegi teklip etdi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi ylalaşdylar
08.08.21 - 23:226-njy awgustda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmek meselesine aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylalaşdylar
06.08.21 - 12:39Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Emomali Rahmonyň arasynda çarşenbe güni geçirilen gepleşikleriň netijesinde taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022-2023-nji ýyllarda haryt dolanyşygyny köpeltmek barada «Ýol kartasyna» gol çekdiler.
Türkmenistan we Täjigistan nebit önümlerini we suwuklandyrylan gazy ibermek boýunça Hökümetara ylalaşygyna gol çekdiler
06.08.21 - 12:40Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Nebit önümlerini we suwuklandyrylan uglewodorod gazyny ibermek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.
Türkmenistan we Täjigistan ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär
06.08.21 - 12:41Türkmenistanyň we Täjigistanyň Liderleri çarşenbe güni geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça demir ýol ulaglary, ýolagçylary we ýükleri daşamak hem-de üstaşyr geçirmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekde hökümetara ylalaşyklara gol çekdiler.
Lebap welaýatynyň ilatly nokatlaryny gaz bilen üpjün etmek işi dowam edýär
10.08.21 - 15:02Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň çäginde täze ilatly nokatlaryň sany barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, «mawy ýangyç» bilen üpjün edilýän ilatly nokatlary gazlaşdyrmak işi ýokary depginde alnyp barylýar.
«Gumdagnebit» müdirligi: birinji ýarym ýylda 200 müň tonna «gara altyn» çykaryldy
05.08.21 - 14:22«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebit we gaz çykarmak boýunça müdirliginiň nebitçileri Uzynada ýatagynyň baý känlerini özleşdirmek boýunç giň gerimli işleri ýerine ýetirýärler. Häzirki wagtda bu ýerde alnyp barylýan işleri ýatagyň çig mal binýadyny netijeli ulanmaklyga, şeýle hem uglewodorod çig malynyň täze çeşmelerini ýüze çykarmaklyga gönükdirilendir.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVI Halkara maslahaty 27-29-njy oktýabrda geçiriler
05.08.21 - 14:23Aşgabatda 27-29-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2021» atly XXVI Halkara maslahaty (OGT-2021) geçiriler. Bu barada OGT-niň resmi saýtynda habar berilýär. Bu halkara maslahaty “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti we Beýik Britaniýanyň "GaffneyCline" kompaniýasy bilen bilelikde gurnalýar.
Ýedi aýyň jemi jemlenildi
02.08.21 - 23:02Geçen şenbe güni Balkan welaýatynda we Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda wideomaslahat görnüşinde şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanyp hasabat ýygnagy geçirildi.