Gurbanguly Berdimuhamedow: ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşine oňyn depgin bermek zerur
14.04.21 - 16:45Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow şu ýylyň birinji çärýeginde “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri hem-de Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.
«Türkmengaz» we «Türkmennebit» DK Türkmenistanyň we Kataryň Söwda-senagat edaralarynyň duşuşygyna gatnaşdylar
14.04.21 - 23:13«Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň wekilleri ýakynda Türkmenistanyň we Kataryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen onlaýn-duşuşyga gatnaşdylar.
Lebapdaky elektrik bekedi üçin gaz geçirijisiniň gurluşygy başlandy
14.04.21 - 23:13«Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň №5 gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri kuwwatlylygy 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik bekedini «mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün etmäge niýetlenilen gaz geçirijisiniň gurluşygyna başladylar.
Dirilik çeşmesiniň gözbaşynda
13.04.21 - 15:59«Türkmennebit» döwlet konserniniň uglewodorod çig mallaryny çykaryjylaryny tehniki-önümçilik suwlary bilen ygtybarly üpjün etmek Suw üpjünçilik müdirliginiň paýyna düşýär. Ägirt uly işleri bitirýän merdana nebitçileriň hem-de olaryň maşgalalarynyň ýaşaýan ilatly nokatlarynyň aglabasynyň arassa agyz suwuna bolan islegleri hem hut şu kärhananyň hünärmenleriniň tagallaly zähmeti bilen üpjün edilýär.
Türkmenistanda birinji çärýekde jemi içerki önümiň ösüşi 5,9% boldy
14.04.21 - 15:142021-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterim ýokarlandy. Bu barada geçen anna güni şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi
14.04.21 - 15:16Koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy hem-de dünýä ykdysadyýetine ýetirýän zyýanly täsiri sebäpli ýüze çykan daşarky meselelere garamazdan, Türkmenistana göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýär. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde Hökümet mejlisinde belledi.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
13.04.21 - 11:56Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.
Petronas Hazaryň türkmen böleginde ýene-de bir nebit çykaryjy platformany işe girizdi
13.04.21 - 11:58Geçen şenbe güni PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen böleginde GDDP-A («Garagol Deniz Drilling Platform» – «Garagol Deňiz buraw platformasy») nebit buraw platformasyny işe girizdi. Dabara Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Gyýanly şäherçesindäki Deňiz metal gurluşlary gurnama sehiniň çäginde geçirildi.
Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy Aşgabatda «Hazar deňzi — Gara deňzi» ulag taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
12.04.21 - 14:56Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleri derejesinde geçirilen Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleriniň barşynda energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy Aşgabatda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdy
12.04.21 - 14:57Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada eýran hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
«Hazar» gazkompressor desgasy «gara altynyň» çykarylyşyny artdyrmaga ýardam edýär
09.04.21 - 15:29Ýyllyk kuwwaty 2 mlrd kub metre çenli bolan «Hazar» gazkompressor desgasynyň hünärmenleri «mawy ýangyjy» işläp taýýarlamak we sarp edijilere ibermek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar.
Mary we Lebap welaýatlarynyň gaz geçirijilerine ygtybarly ideg edilýär
09.04.21 - 15:30Häzirki wagtda «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň hünärmenleri Mary we Lebap welaýatynyň çäklerinde umumy uzynlygy 2808 km bolan magistral gaz geçirijilerine, şeýle hem 77 sany gaz paýlaýjy beketlere we 15 sany gaz sazlaýjy desgalara ideg edýärler.
«Gamyşlyjanebit» NGÇM ýylyň başyndan bäri «gara altynyň» 114 müň tonnasyny çykardy
08.04.21 - 14:39«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gamyşlyjanebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny uly zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrýarlar.
Plastik turbalarynyň kömegi bilen 142 sany guýy abatlanyldy
08.04.21 - 14:41«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümlerinde plastik turbalaryň kömegi bilen abatlaýyş işleri geçirilen nebitgaz guýularyny işe girizmek boýunça işler ýaýbaňlandyrylýar.
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
06.04.21 - 15:08«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly syýasy-jemgyýetçilik we ylmy-publisistik žurnalynyň 2021-nji ýyldaky birinji sany çapdan çykdy.