TDHÇMB-de geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 60 million dollaryndan gowrak boldy
30.03.21 - 15:24Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetara türkmen-saud toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady
30.03.21 - 15:25Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-saud toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady. Degişli resminama döwlet Baştutany anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji gazyny ibermekde öňdeligi saklaýar
27.03.21 - 01:022021-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistan Hytaýyň energetika bazaryna turba geçiriji gazyny ibermekde öňdeligi saklap gelýär diýip, Interfaks HHR-iň gümrük boýunça baş administrasiýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Hökümetara türkmen-rus topary 2021-2023-nji ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň Maksatnamasynyň taslamasyny maslahatlaşdy
27.03.21 - 02:4225-nji martda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň çäklerindäki söwda we maýa goýumlaryna goldaw bermek boýunça ýokary derejeli toparyň 8-nji mejlisinde Türkmenistanyň Hökümetiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň Maksatnamasynyň taslamasyna seredildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň DIM-inde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
27.03.21 - 02:43Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon toparynyň ýapon tarapyndan Başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Nebitgaz toplumynyň işgärleri bag ekmek çäresine gatnaşdylar
26.03.21 - 20:1220-nji martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Milli bahar baýramy hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda bag ekmek çäresi giň gerimde geçirildi.
Türkmenistan ikinji çärýekde Russiýanyň üsti bilen 500 müň tonna nebit eksport eder
26.03.21 - 20:142021-nji ýylyň ikinji çärýeginde Türkmenistan Russiýanyň üsti bilen eksporta 500 müň tonna nebit iberer diýip, Interfaks habar berýär.
Daşoguz welaýatynyň gaz geçirijilerine bökdençsiz hyzmat edilýär
27.03.21 - 01:02«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «S.Türkmenbaşyetrapgaz» gaz hojalyk kärhanasynyň zähmetkeşleri sarp ediş nokatlarynda tebigy gazdan tygşytly we howpsuz peýdalanmak boýunça bellenilen işleri guramaçylykly alyp barýarlar.
Ylmy-tejribe seminary
24.03.21 - 15:50Milli Liderimiz: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýip bellän pähimli, paýhasly sözlerinden ugur alnyp, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň binasynda internet wideoaragatnaşyk arkaly halkara Nebitçi inženerçilik jemgyýeti (Society of Petroleum Engineers — SPE) bilen «Uly gazly karbonat gatlakly känleri işläp geçmekligiň tejribesi» atly mowzuk bilen ylmy-tejribe seminary geçirildi.
Tebigy gazyň çykarylýan we eksport edilýän möçberleri artýar
24.03.21 - 15:52Nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň biridir.
Polipropileniň bahasy rekord derejä ýetdi
24.03.21 - 15:55Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda täze rekord hasaba alyndy. 10-njy martda geçirilen söwdalarda rafiýa sortly polipropileniň 1,5 müň tonnasy eksport üçin satuwa çykaryldy. Ol Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürildi.
Goşmaça nebit almagyň ussatlary
24.03.21 - 15:57Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýylsaýyn täze belentliklere götermekde we ýeriň jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş toparlary netijeli işleri amala aşyrýarlar. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu toparlar geçen ýyl tutuş konsern boýunça üç ýüz müň tonna golaý «gara altynyň» goşmaça çykarylmagyny üpjün etdiler.
«Lebapgazçykaryş» müdirligi gaz çykarylyşynyň ýokary depginlerini üpjün edýär
25.03.21 - 15:11«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýokary önümçilik görkezijilerini gazandylar. Geçen döwürde tebigy gazyň çykarylyşy 2 mlrd 180 mln kub metre barabar bolup, bellenilen meýilnama 146% ýerine ýetirildi.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
25.03.21 - 15:12Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýär
25.03.21 - 15:13Şu ýylyň birinji ýarymynda Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisini geçirilmek meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.