Habarlar RSS
1600fe47e90403.png
Dünýä çempionlygyndan Olimpiýa medalyna
26.01.21 - 19:44

28 ýyl goja taryh üçin, belki, örän ujypsyz wagt aralygy. Ýöne ynsan ömri üçin az pursat hem däl. 28 ýyllyk menzil Garaşsyz Türkmenistana bolsa agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ikinji altyn medalyny bagyşlady. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewa dünýä belli ildeşimiz Altymyrat Orazdurdyýewden soňra dünýä çempiony bolan ikinji türkmenistanly türgen boldy.


Dil — milletiň baýlygy
26.01.21 - 19:42

Ýurdumyzda beýik Garaşsyzlygymyz gazanylandan soň mukaddes ene dilimiziň, şol sanda daşary ýurt dilleriniň öwrenilişiniň gerimi has giňedi. Dil — bu gymmaty egsilmeýän, özboluşly aýratynlyklary, dil birlikleri bilen hemişe üsti ýetirilýän milletiň hazynasy. Döwlet, ilkinji nobatda, öz diliniň üsti bilen ykrar edilýär. Garaşsyzlygyny gazanan halk, ilki bilen, diline eýe çykýar we oňa döwlet dili derejesini berýär.


1600fe3a698fc1.png
Watan mertebesi beýikdir, goragy mukaddes borçdur
26.01.21 - 19:40

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen senesi — her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni türkmeniň watansöýüjiliginiň, mertliginiň, gaýduwsyzlygynyň mertebe baýramyna öwrüldi. Watan goragçylarynyň güni döwletimiziň Garaşsyzlygyny, parahat durmuşyny, çäk bitewüligini gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň we çäksiz hormatyň aýdyň subutnamasydyr.


16013b84195b72.jpeg
Türkmenistan Ýaponiýanyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär
01.02.21 - 14:51

28-nji ýanwarda Türkmenistanyň DIM-inde «Kawasaki Heavy Industries, Ltd» ýapon kompaniýasynyň Prezidenti jenap T.Watanabe bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, «Türkmengaz» Döwlet konserniniň, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.


1600fe31367d49.png
Gatlak basyşynyň täsiri
26.01.21 - 19:38

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamada täze nebit we gaz ýataklaryny gözläp tapmak we özleşdirmek hem-de öň bar ýataklaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, bu pudagyň çig mal binýadyny berkitmek esasy meseleler bolup durýar.


160129c3aec60b.jpeg
«Malaý» gaz gysyjy desgasynyň işe girizilmigi mynasybetli maslahat geçirlidi
01.02.21 - 14:45

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Lebap welaýatynyň «Malaý» gaz käninde täze gaz gysyjy bekediň ulanyşa girizilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi.


1600fe2614f3d9.png
Täze tehnologiýalary özleşdirýärler
26.01.21 - 19:35

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda, şol sanda nebitgaz pudagynda-da önümçilige ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalardan doly baş çykarýan işçi hünärmenleri taýýarlamaklygy baş wezipeleriň biri hökmünde öňde goýýar.


1601281de97a67.jpeg
Saud Arabystany 2030-njy ýyla çenli elektrik energetikasyny energiýanyň dikeldilýän çeşmelerine we gaza geçirmegi meýilleşdirýär
01.02.21 - 14:46

Saud Arabystany 2030-njy ýyla çenli energetikasynyň 50%-ni gaza, galan bölegini bolsa — energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine geçirmegi meýilleşdirýär, diýip ýurduň energetika ministri, şazada Abdulaziz ben Salman Er-Riýadda Future Investment Intiatives forumynyň çäklerinde aýtdy, diýip Interfaks habar berýär.


1600fe1e6d762d.png
Türkmenistan dünýäniň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde
26.01.21 - 19:33

Türkmenistan şu günlerde ýene-de dünýäniň esasy habarlar agentlikleriniň, şeýle hem köpsanly internet-saýtlaryň täzeliklerdir habarlarynda köp agzalýan geografik atlaryň birine öwrüldi. Dünýäniň habar beriş serişdeleriniň, syýasy we işewür toparlarynyň ünsi jemgyýetçilik seslenmesine eýe bolan şanly wakalara — ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara gönükdi


160128190b665d.jpeg
Islegiň peselmek mümkinçiliginiň netijesinde nebitiň bahalary aşaklaýar, «Brent» — 55,45 dollar
01.02.21 - 15:02

COVID-19 keselçiliginiň ýokary bolmagy we hereket edýän çäklendiriji çäreleriň netijesinde nebitiň bahalary çarşenbe güni aşak düşýär, diýip Interfaks habar berýär.


1600fe13a1afea.jpeg
Hazar — dostluk we hyzmatdaşlyk deňzi
26.01.21 - 19:30

Aşgabatda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu çärä göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşdylar.


16010fa1716613.jpeg
«Nebitdag» BIM: buraw işleri öňdebaryjy depginde
28.01.21 - 02:48

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen tamamladylar. 2020-nji ýylyň jemleri boýunça buraw işleriniň meýilnamasy 121% ýerine ýetirildi.


1600fdeeb2d66d.jpeg
«Türkmennebit» DK-nyň abatlaýyş-mehaniki zawody: işler bellenilen meýilnamadan artyk ýerine ýetirildi
28.01.21 - 02:46

«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň abatlaýyş-mehaniki zawodynyň işgärleri geçen ýylda 7 million 960 müň manatdan gowrak möçberde abatlaýyş-mehaniki işleri ýerine ýetirdiler. Şol bir wagtda önümçilik tabşyrygy bellenilen meýilnamadan artyk ýerine ýetirildi.


1600e4cf1d6a96.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
25.01.21 - 20:27

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 35-si baglaşyldy.


1600e4c999d1f2.jpeg
«Türkmennebit» DK «Honghua International Co,. Ltd.» kompaniýasyndan buraw turbalaryny satyn alar
25.01.21 - 20:25

«Türkmennebit» döwlet konserni dürli ölçegli buraw turbalaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Honghua International Co., Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.