Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
15.12.20 - 19:48Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar! Siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň baky Bitaraplyk baýramynyň şanly 25 ýyllygynyň uly dabaralary bilen utgaşyp gelen Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, abadançylyk, eziz Diýarymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
15.12.20 - 19:49Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 126-sy hasaba alyndy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Maslahata gatnaşdy
15.12.20 - 19:49Aşgabatda “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti” atly Halkara maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Maslahatyň dabaraly mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Häzirki zaman çagyryşlar şertlerinde Bitarap Türkmenistanyň tejribesi has uly islegden peýdalanýar – RF-niň DIM-niň ýolbaşçysy
14.12.20 - 15:58Russiýa, 25 ýyl ozal bitaraplygyny yglan eden, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny goldaýar, häzirki bar bolan çagyryşlary ýeňip geçmekde bitarap döwletiň tejribesini zerur hasaplaýar. Bu barada RF-niň DIM-niň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow ýurdumyzda 12-nji dekabrda bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda belledi, diýip Interfaks habar berýär.
Türkmenistanda nebitiň sarp edilişi durnukly ösýär — Eni
11.12.20 - 21:31Türkmenistanyň içerki bazarlarynda nebitiň sarp edilişiniň depgini durnukly ýagdaýda ösýär. Bu barada Eni italýan nebitgaz kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylan World Oil Review 2020 hasabatynda aýdylýar.
Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynda 100 ýaş toýuny toýlaýar
08.12.20 - 19:02Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şeýle ajaýyp toýly günlerinde ýaşuly neslimiz bilen didarlaşmakdan, olar bilen bilelikde toý şatlygyny paýlaşmakdan uly bagt barmy, eýsem?! Ykbal ýollaryny külterläp, durmuşynyň ýene bir ajaýyp sahypasyny arka atan atam Hally gyjakçy «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ak garly gyşynyň ilkinji günlerinde ömrüniň bir asyrlyk buýsançly günlerini garşylaýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy maşgalamyzda atamyň 100 ýaş toýy bilen goşalanyp geldi.
Owganystanyň täze Ilçisi Türkmenistanyň DIM-nde TOPH we beýleki bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyşyny maslahatlaşdy
09.12.20 - 21:47TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistandan Owganystana demir ýol magistrallarynyň hem-de Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli ulgamlaryň gurluşygy ýaly bilelikdäki iri taslamalaryň ähmiýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Han Wali Han Başarmal bilen geçiren duşuşygynda agzalyp geçildi. Bu barada Türkmenistanyň daaşry syýasate edarasynyň saýty habar berýär.
Goşa toýy sowgatly garşylaýarlar
08.12.20 - 18:59«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Gazawat» senagat meýdançasynyň gazçylary häzirki döwürde barha golaýlaşýan goşa senäni, ýagny hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramçylygyny hem-de onuň yzysüre belleniljek Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrunda joşgunly işleýärler.
«Nebitgazburawlaýyş» tresti: işleriň depgini düýpli ýokarlandy
09.12.20 - 21:452020-nji ýylyň geçen 11 aýynda «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň nebitgaz guýularyny berkitmek boýunça hojalyk hasaplaşygyndaky müdirligi tarapyndan ýerine ýetirilen işlerden özleşdirilen serişdeler 85 million 866 müň manada barabar boldy. Şol bir wagtda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 180,7% deň boldy
HNGU-nyň talyplary okuw trenažýorlaryny özleşdirýärler
09.12.20 - 15:20Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň ýokary hilli bilim almaklary üçin professor-mugallymlar düzüminiň tagallalary bilen zerur şertleriň ählisi döredildi. Nebit we gaz fakultetiniň barlaghanasy saýlap alan hünäriňi çuňlaşdyryp özleşdirmek üçin iň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.
Nebitgaz toplumynyň kärhanalary nebiti we gazy çykarmak hem-de gaýtadan işlemek boýunça on bir aýyň meýilnamasyny ýerine ýetirdiler
09.12.20 - 15:21Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow hasabat berdi.
TOPH-nyň owgan bölegindäki gurluşyk işleri 2021-nji ýylda Hyratda başlanar
09.12.20 - 15:22Geljek ýylda Hyratda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginde gurluşyk işleri başlanar. Bu barada Owganystanyň şahtalar we nebit senagaty ministri Garun Çahansuri metbugat maslahatynda aýtdy, diýip owgan habar beriş serişdeleri belleýär.
Türkmenistanda ýanwar-noýabr aýlarynda jemi içerki önümiň ösüşi 5,8% deň boldy
09.12.20 - 15:232020-nji ýylyň geçen on bir aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 5,8%-e deň boldy, diýip Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde aýtdy.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
09.12.20 - 15:19Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 262-si hasaba alyndy.
OPEC+ ýurtlary ýanwardan nebitiň çykarylyşyny günde 0,5 mln barrel artdyrmagy ylalaşdylar
05.12.20 - 17:53OPEC+ ministrleri penşenbe güni 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, nebitiň çykarylyşyny günde 0,5 mln barrel möçberde artdyrmak çözgüdini makulladylar. Duşuşyklar her aýda geçiriler, diýip OPEC-däki çeşmeler habar berdi. Muny TASS ýetirýär.