Geçen hepdäniň birža täzelikleri
23.11.20 - 15:27Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ähmiýeti
17.11.20 - 20:37Milli Liderimiz ýurdumyzyň dürli pudaklaryna, şol sanda nebit we gaz pudagyna täze innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna geçmek, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk babatda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak wezipelerini öňe sürýär.
Hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky mejlisi 23-nji noýabrda geçiriler
23.11.20 - 01:42Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly sekizinji mejlisi 23-nji noýabrda geçiriler.
Tebigy gaz bökdençsiz akdyrylýar
17.11.20 - 20:35«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän önümçilik edaralarynyň gazçylary şu ýylyň 10 aýynyň iş tabşyryklaryny netijeli jemlemek bilen, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe sowgatly barýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň Emiri ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
23.11.20 - 01:40Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Tamim Bin Hamad Al-Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini maslahatlaşdylar.
Nebitgaz toplumy: gazanylan netijeler
17.11.20 - 20:33«Türkmennebit» döwlet konserni uglewodorod çig malyny çykarmagyny artdyrýar: şu ýylyň on aýynda nebitiň 3 million 245 müň tonnadan gowragy çykaryldy. Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklara laýyklykda ýataklary işläp taýýarlaýan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň goşandyny nazara alanyňda, ýurdumyzyň ýer astyndan nebitiň we gaz kondensatynyň 8 million tonna golaýy gazylyp alyndy.
Prezident Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli halkara maslahatyny we sergisini geçirmegi tabşyrdy
23.11.20 - 01:37Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.
2021-nji ýylda gepleşikler dowam etdiriler
17.11.20 - 20:31Energetika Hartiýasyna Şertnamany (EHŞ) döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara gepleşikleriniň üçünji tapgyry tamamlandy, olar Brýusselde (Belgiýa) Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty tarapyndan wideokonferensiýalar görnüşinde geçirilýär. Ozal habar berlişi ýaly, gepleşiklere EHŞ-niň agza ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň, şeýle hem Ýewropa Komissiýasynyň hem-de beýleki birnäçe halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Energetiki barlaglar boýunça Oksford instituty Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň geljegine ýokary baha berýär
20.11.20 - 15:01Gaz senagatynyň ösüşi, gaz bazarlary, gaz eksport akymlary hem-de ýurtda gazdan peýdalanmaklygyň beýleki usullary — bular türkmen nebitgaz toplumynda Energetiki barlaglar boýunça Oksford institutyny (OIES) gyzyklandyrýan esasy ugurlardyr, diýip OIES-iň wekili Julian Bouden beýan etdi. Bu barada Trend habar berýär.
Işeňňir işde belli
17.11.20 - 20:18Şu günler her bir zähmet adamy, zähmetkeşler köpçüligi ýetip gelýän uly baýramy — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny mynasyp derejede garşylamagy, bu beýik senäni zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinýär.
OPEC+ geňeşi bazaryň indiki hereketlerini 1-nji dekabrda seljerer
20.11.20 - 15:02OPEC+ ylalaşygyna gatnaşýan ýurtlar 17-nji noýabrda OPEC+ ministrler gözegçilik geňeşiniň mejlisiniň netijeleri boýunça 2020-nji ýylyň IV çärýeginde bazarda isleg bilen teklibiň ýagdaýyny öwrenmekligi dowam etmegi hem-de 2021-nji ýylda dünýäniň nebit bazarynda öz indiki hereketlerini OPEC we OPEC däl döwletleriniň 2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda meýilleşdirilen ministrler maslahatynda seljermegi ylalaşdylar, diýip INTERFAKS RF-iň hökümetiniň metbugat beýanyna salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň DIM-inde Italiýanyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy
19.11.20 - 03:01Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Luçiano Galli bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýt habar berýär.
Beýik Britaniýa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär
19.11.20 - 02:57Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Türkmen-britan söwda-ykdysady mejlisinde ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
OPEC+ Tehniki geňeşi ministrlere nebit çykarylyşyny artdyrmagy 3-6 aý yza çekmäge garamagy teklip etdi - HBS
19.11.20 - 02:59Sişenbe güni OPEC+ gözegçilik geňeşiniň ministrleri nebit bazarynyň geljegini we 2021-nji ýyldan başlap nebit çykarylyşyny günde 2 mln barrel artdyryp başlamak boýunça meýilleşdirilen çäreleri 3-6 aý yza süýşürmek mümkinçiligini maslahatlaşarlar, diýip Interfaks habar berýär.
Türkmen geologlary agyz suwunyň täze gözbaşlaryny açdylar
17.11.20 - 20:06Türkmenistanyň ýerasty suw gorlaryny ulanyş kartasynda täze gözbaşlaryň birnäçesi peýda boldy. «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň Daşoguz ekspedisiýasynyň gidrogeologlary şu ýyl geçirilen barlaglarda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabyndaky Üçkepderi meýdançasynda we Gubadag etrabynyň Dostluk meýdançasynda ýerasty süýji agyz suwunyň gorlarynyň üstüni açdylar.