Alekperow: «Lukoýl» Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljegine uly ynam bildirýär
01.11.20 - 01:53«Lukoýl» kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljegine uly ynam bildirýär hem-de bilelikdäki taslamalar üçin hemişe açykdyr, diýip öňdebaryjy rus nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Wagit Alekperow «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2020» XXV halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.
Aşgabatda OGT 2020 nebitgaz forumy öz işine başlady
29.10.20 - 15:5028-nji oktýabrda “Türkmenistanyň nebiti we gazy -2020” atly XXV Halkara maslahaty öz işine başlady. Bu halkara maslahaty “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýetiniň hyzmatdaşlyk etmekliginde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan gurnalýar.
Gaz akdyryjylaryň gaýratly zähmeti
27.10.20 - 21:30«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biri bolan «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçylary ýokary basyşly gaz geçirijileri, gaz paýlaýjy beketleri, gaz sazlaýjy düwünleri güýz-gyş möwsümine meýilnamada bellenilen möhletinde birkemsiz taýýar etdiler. Munuň özi sarp edijileri döwletimiz tarapyndan halkymyza berilýän eşretiň biri — tebigy gaz bilen ýeterlik möçberde üpjün etmeklige şert döredýär.`
Türkmenistan we Owganystan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ymtylýar
29.10.20 - 16:03Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Administratiw edarasynyň başlygy Mohammad Şaker Kargar bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly geçiren duşuşygynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň meseleleri maslahatlaşyldy, diýlip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Hünär — ömrüň bezegi
27.10.20 - 21:27Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji başlangyç hünär okuw mekdebi şäheriň owadan binalar toplumynyň birinde ýerleşýär. Hünärler ojagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýän nebitgaz toplumynyň, şeýle-de beýleki pudaklaryň edara-kärhanalary üçin gerekli hünärleri uly höwes bilen öwrenýän ýaş ýigitler we gyzlar okaýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti halkara nebitgaz forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
28.10.20 - 14:54«Sizi «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly XXV halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň işine uly üstünlikleri arzuw edýärin!» - diýlip, Aşgabatda geçirilýän ugurdaş sergä gatnaşyjylara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagynda aýdylýar.
Balkanly gazçylaryň batly gadamlary
27.10.20 - 21:26Balkan welaýatynyň ilatly nokatlaryny üznüksiz gaz akymy bilen üpjün etmekde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň kärhanalary uly işler alyp barýarlar hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuny mynasyp sowgatly garşylamak üçin şu günler iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar.
OGT – 2020 işewürler forumynyň geçirilmegi Türkmenistan bilen halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam eder
28.10.20 - 16:5128-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp, «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020» (OGT-2020) XXV halkara maslahaty öz işine başlar.
Türkmen polietilenine ýokary isleg
27.10.20 - 21:24Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) Gyýanlydaky polimer zawodynyň öndürýän polietileniniň satuwlary ep-esli artdy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary 2021-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti kabul edildi
27.10.20 - 21:35Şenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on ikinji maslahatynda deputatlar “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasyna garadylar we degişli Kanuny kabul etdiler.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
26.10.20 - 15:34Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 80-si hasaba alyndy.
Seýdiniň NGIZ-de ýanwar-sentýabr aýlarynda 338,9 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi
26.10.20 - 15:36Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda şu ýylyň geçen dokuz aýynda 338,9 müň tonnadan gowrak çig mal getirildi, şolardan 151,1 müň tonnasy çig nebit, galany – gaz kondensaty. Şunda meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 103%-e deň boldy.
«Gazojak» şypahanasy halkyň hyzmatynda
20.10.20 - 16:32«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirligine degişli bolan «Gazojak» şypahanasynda ynsan saglygyny goramakda uly işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygynyň orunbasaryny belledi
22.10.20 - 21:10Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Bezirgen Sähedowiç Berdiýew «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygynyň buraw işleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.
Ýokary hilli koks öndürilýär
20.10.20 - 16:30Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýokary hilli nebit önümlerini öndürip, dünýä bazarlarynda uly at-abraýa mynasyp bolmagyna saldamly goşant goşýan 2-nji sehi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny uly üstünliklere besleýär. TNGIZT-niň 2-nji sehi üç desgadan ybarat bolup, olarda jemi 136 işçi arman-ýadaman zähmet çekýär. Bu sehde senagat ulgamynda giňden ulanylýan, «gara altyndan» alynýan ýokary hilli koksuň iki görnüşi —– jemlenen we ýakylan koks öndürilýär.