Zähmet soňy rähnet
13.10.20 - 19:33Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň gaz dolduryjy bekediniň ussasy Rustamjan REJEPOW Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglandy. Biz gürrüňdeşimizi eýe bolan döwlet sylagy bilen gutlap, ondan zähmet ýoly hakynda gürrüň bermegini haýyş etdik.
Gruziýa 9 aýda Türkmenistandan 56 müň tonna golaý dizel ýangyjyny satyn aldy
15.10.20 - 20:422020-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aralygynda Türkmenistandan Gruziýa iberilen dizel ýangyjynyň mukdary 55,9 müň tonna (umumy möçberiň 13,3%) barabar boldy. Bu barada Gruziýanyň nebit önümlerini import edijiler birleşmesine salgylanyp “Interfaks-Azerbaýjan” habarlar agentligi sişenbe güni habar berdi.
Ylma bagyşlanan ömür
13.10.20 - 19:31Öz arassa zähmeti, tebigy zehini bilen ylym ummanyna aralaşyp bilen ilkinji türkmen alymlarynyň biri, «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy», «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly atlaryň, «Altyn asyr» ordeniniň III derejesiniň, «Gaýrat» we «Watana bolan söýgüsi üçin» medallarynyň eýesi, görnükli alym, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda uzak ýyllar ýolbaşçy we baş ylmy işgär bolup işlän Mars AŞYRMÄMMEDOW ýatlanylmaga diýseň mynasyp adam.
«Lukoýl» Filanow käniniň ikinji tapgyrynda buraw işleriniň ikinji tapgyryny başlady
14.10.20 - 15:42«Lukoýl» Hazar deňzinde Wladimir Filanow adyndaky käniň ikinji tapgyrynda ulanyş burawynyň ikinji tapgyryna başlady, diýip Interfaks agentligi habar berýär.
Täze belentliklere ruhlandyrýar
13.10.20 - 19:29Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 9-njy sentýabrynda Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda taslama kuwwaty 70 MWt/sag bolan iki sany täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna we hereket edýän elektrik bekediniň durkuny täzelemek işlerine badalga berdi. Gazetimiziň Balkan welaýaty boýunça habarçysy gurluşygyna badalga berlen täze desgalar, şonuň ýaly-da,
HEA nebite bolan islegiň çökgünlikden öňki derejesine dolanyp geljek möhletlerini aýtdy
14.10.20 - 15:41Dünýä boýunça nebite bolan isleg 2021-nji ýylda 5 mln b/g ýokarlanar we çökgünlikden öňki derejesine 2023-nji ýylda dolanyp geler, diýlip Halkara energetika agentliginiň (HEA) World Energy Outlook 2020 her ýylky çaklamasynda aýdylýar, diýip Interfaks habar berýär.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
12.10.20 - 19:53Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanyň ykdysadyýetini liberallaşdyrmak boýunça başlanan işleri dowam etmeli
12.10.20 - 19:41Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemlerine bagyşlanyp Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde ykdysadyýeti liberallaşdyrmak boýunça başlanan işleri dowam etmegi tabşyrdy.
2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan aýlyk haklary 10% ýokarlanar
12.10.20 - 19:432021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklary, pensiýalar, talyp we diňleýji haklary hem-de döwlet kömek pullary 10% ýokarlandyrylar. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemlerine bagyşlap anna güni geçiren giňişleýin mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Türkmenistanda 2020-nji ýylyň 9 aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 5.8% artdy
12.10.20 - 19:452020-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 5,8 göterim möçberde ýokary ösüşini saklap galdy. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow habar berdi
Prezident Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna pudagyň işindäki kemçilikleri düzetmek üçin çäreleri görmegi tabşyrdy
12.10.20 - 17:01Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýangyç-energetika toplumynyň işinde bar bolan kemçilikleri düzetmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Bu barada döwlet Baştutany halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemlerine bagyşlap anna güni geçiren Hökümet mejlisinde belledi.
«Şatlyk» kärhanasy «Döwletabat – Derýalyk» gaz geçirijisine gazyň üznüksiz berilmegini üpjün edýär
12.10.20 - 16:59«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Şatlyk» önümçilik kärhanasy toplumlaýyn tehnologik enjamlary bolan senagat meýdançasy bolup, «Döwletabat—Derýalyk» magistral gaz geçirijisine harytlyk gazy üznüksiz bermekde möhüm orny eýeleýär.
Malaý käninde basyş kompressor bekediniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda
12.10.20 - 16:49Lebap welaýatynda «Malaý» käninde gurluşygy alnyp barylýan basyş kompressor bekedinde sazlaýyş işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
12.10.20 - 16:46Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde 2021-nji ýylda Aşgabatda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Maslahat beriş duşuşygyny geçirmekligi teklip etdi.