GIZ “ýaşyl” energetika geçmekde Türkmenistana goldaw berer
05.11.24 - 21:43Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy» (CIET 2024) halkara maslahatynda GIZ-iň Türkmenistandaky utgaşdyryjysy Ýoahim Fritz ýurdumyzyň energetika pudagyny goldamaga gönükdirilen guramanyň täze başlangyçlaryny hödürledi diýip, News Central Asia (nCa) habar berýär.
Burawlaýjylaryň zähmet üstünligi
05.11.24 - 09:15Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli energetika syýasaty netijesinde bu gün ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamy täzeçe ösüşlere eýe bolýar.
Yhlaslary myrat tapýar
05.11.24 - 09:10Türkmen topragynyň ýerasty baýlyklaryny ýurdumyzyň ösüşleriniň hyzmatynda goýmak ýaly il-ýurt bähbitli işe «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň işgärleri ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Olaryň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen dokuz aýynda çeken zähmetleri-de tüýs ýerine düşdi.
Aşgabatda CIET 2024 halkara sergisi we maslahaty açyldy
04.11.24 - 16:153-nji noýabrda Aşgabatda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahat öz işine başlady.
Metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça «Ýol kartasynyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy
04.11.24 - 16:14Türkmenistanda Ählumumy metan borçnamasynyň maksatlaryna ýetmek boýunça çäreleriň toplumy we “Ýol kartasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 1-nji noýabrda Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmennebit” DK-nyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy barada teklibi makullady
02.11.24 - 11:281-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasynda energetika, logistika, “ýaşyl” tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy
01.11.24 - 21:13Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Filipp Merlen bilen geçirilen duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garaldy diýip, ýurdumyzyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistan bilen Russiýanyň haryt dolanyşygy ýedi aýda 58% artdy
01.11.24 - 12:05Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda özara haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2024-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda 58% artdy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisinde aýtdy diýip, Türkmenistan Habarlar portaly habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
31.10.24 - 18:1830-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
31.10.24 - 14:18Golaýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Gazagystan Türkmenistan bilen gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine garaýar
01.11.24 - 12:05Gazagystanyň «QazaqGaz» milli kompaniýasy “Türkmengaz” DK bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde birnäçe başlangyçlary öwrenýär diýip, LSM.kz saýtynda habar berilýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara forumyna gatnaşyjylara söz berýäris
29.10.24 - 16:01— Biziň kompaniýamyz Aşgabatda her ýyl geçirilýän halkara nebitgaz forumyna yzygiderli gatnaşýar. Şu gezek geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat we sergi oňa gatnaşanlaryň sany bilen tapawutlandy, munuň özi ýurduň möhüm pudagyny ösdürmäge täze itergi berýän giň gerimli çärä bolan gyzyklanmanyň artýandygyna şaýatlyk edýär.
Aşgabatda CIET-2024 Halkara sergisi we maslahaty geçiriler
29.10.24 - 21:073–5-nji noýabrda Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabatlanylyp, Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy» («CIET-2024») halkara maslahaty we sergisi geçiriler.
«Türkmenenergo» we «Sumitomo Corporation» Türkmenistanyň energetika insfrastrukturasyny berkiderler
29.10.24 - 21:07Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň “Energoüpjünçilik” kärhanasy Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasy bilen Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalarynyň, şeýle hem Türkmenistanda hereket edýän beýleki gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkider.
Noýabrda türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler
28.10.24 - 17:17Prezident Serdar Berdimuhamedow 26-27-nji noýabrda Aşgabat şäherinde III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi.