Abadan ýaşaýşa gönükdirilen işler
25.01.24 - 06:34Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bereketli ojaklarda «mawy ýangyç» alawlaýar. Ilatly ýerleri, önümçilik desgalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary bu amatly ýangyç bilen bökdençsiz üpjün etmek meselesi hemişe üns merkezinde saklanylýar. Bu meselä gyş aýlarynda has ünsli çemeleşilýär. Sebäbi howanyň sowamagy bilen tebigy gazyň sarp edilişi hem ep-esli artýar.
Gaz akdyryjylaryň zähmet gadamlary
16.01.24 - 05:05Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan ýangyç-energetika toplumynyň ähli önümçilik düzümleriniň zähmet toparlary ýaly, «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçylaram döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ähli önümçilik görkezijileri boýunça netijeli jemläp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ilkinji aýynyň her bir iş gününi zähmet üstünliklerine besleýärler.
Önümler ýitgisiz ugradylýar
16.01.24 - 05:04«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy iň bir kuwwatly desgalardyr kämil tilsimatlara eýe bolmak bilen, ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýän nebit we nebithimiýa önümlerini taýýarlamakda we ýerleşdirmekde uly sepgitlere eýe bolýar.
Gazçylaryň gyş aladalary
08.01.24 - 14:55«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Göroglyetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary häzirki gyş günlerinde etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda maksada okgunly işleri alyp barýarlar.
Täze ýyla zähmet sowgady
08.01.24 - 14:54«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ähli önümçilik görkezijileri boýunça üstünlikli jemläp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen täze, 2024-nji ýyly guwandyryjy zähmet üstünligi bilen garşy aldylar.
Ýyllyk meýilnama on bir aýda ýerine ýetirildi
26.12.23 - 06:29Biz «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow bilen wagtal-wagtal habarlaşyp, müdirligiň gazanýan önümçilik görkezijileri bilen gyzyklanyp durýarys. Bu gezek bolsa bize işine gaýym, müdirligiň ähli böleklerinde işleriň ýagdaýyna belet bölüm başlygynyň özi jaň etdi. Munuň hem özüne ýetesi sebäpleri bar eken.
Gyşy göwnejaý garşylaýan gazçylar
05.12.23 - 06:41«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň ýerlerdäki gaz gojalyk edaralarynyň işçi-hünärmenleri güýz-gyş möwsüminiň işlerini ýokary guramaçylykly dowam edýärler. Bu ugurda müdirligiň welaýat merkezinde ýerleşýän «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylarynyň şäheriň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmekde häzirki günlerde alyp barýan derwaýys işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Baýlyk gory ýene artar
05.12.23 - 06:39Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak işine «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň işgärleri ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda olaryň tutumlary has uly, maksatlary has belent.
«Galkynyşda» ýene-de bir guýy önümçilige girizildi
05.12.23 - 06:38Gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käninde ýene-de bir ulanyş gaz guýusy önümçilige girizildi. Şeýlelikde, gaz käniniň tebigy gazy kükürtden arassalaýan 1-nji zawodynyň önüm berýän gazly guýularynyň sany otuza ýetdi. Şol 238-nji belgili ulanyş gaz guýusynyň agyz ýakasynyň gurluşyk-gurnama işlerini «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda «Türkmenýöritenebitgazgurnama» ýöriteleşdirilen trestiniň 3-nji ýöriteleşdirilen gurnama edarasynyň gaz gurluşykçylary baş potratçy bolup ýerine ýetirdiler.
Zähmeti bilen adygan
28.11.23 - 05:38— Watanymyzyň gözel paýtagtynda bolmak, öňdebaryjy kärdeşlerim bilen didarlaşmak ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Uly dabarada mynasyp bolan döwlet sylagymy gowşuranlarynda bolsa başym gök diredi. Şonda biziň ýaly zähmet adamlarynyň gadyryny bilip, olary sarpalaýan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerimi aýtdym — diýip, Hudaýberen Allamuradow bolup geçen tolgundyryjy wakalary ýatlaýar.
Nebitgazçylar hünär baýramyny mynasyp garşylaýarlar
21.11.23 - 09:48Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde täze önümçilik pudaklary peýda boldy. Olarda ornaşdyrylan kämil tehnologiýalar ýokary hilli, eksport ugurly harytlyk önümleri köp möçberlerde öndürmäge mümkinçilik berdi.
Gaz akdyryjylaryň gaýratly gadamlary
21.11.23 - 09:49«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary welaýatyň ilatyny, edara-kärhanalaryny milli baýlygymyz bolan gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmekde we «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugry boýunça daşary bazarlara çykarylýan tebigy gazyň üznüksiz akdyrylmagyny gazanmakda şu ýylyň degişli döwrüni üstünlikli jemlediler. Munuň şeýledigine müdirligiň agzybir işçi-hünärmenleriniň şu günler alyp barýan nusgalyk işleriniň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Arkalaşykly zähmet miwesini eçilýär
22.11.23 - 06:59«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «gara altyn» we «mawy ýangyç» gözleýji burawlaýjy toparlary eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk baýramynyň şanly 28 ýyllyk toýuny we Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramçylygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar.
Gazçylaryň baýramçylyk zähmet sowgatlary
20.11.23 - 08:58«Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Mary welaýatyndaky edara-kärhanalarynyň gazçylary döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň ýetip gelýän şanly 28 ýyllyk baýramçylygyna hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe zähmet sowgatlary bilen barýarlar.
Gazçylaryň jogapkärli möwsümi
14.11.23 - 06:10Häzirki günlerde «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň Mary welaýatynyň şäherlerindäki, etraplaryndaky gaz hojalyk edaralarynyň işgärleri ilatyň tebigy gazyň köp sarp edilýän döwri bolan gyş paslynda «mawy ýangyç» bilen üpjünçiliginde bökdençligiň ýüze çykmazlygy üçin möwsüme taýýarlyk işlerini bellenilen meýilnama laýyklykda ýokary hilli geçirýärler.