Geofizikleriň batly gadamlary
22.06.21 - 20:27«Türkmengazgeofizika» müdirliginiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki gözlegler boýunça önümçilik tehnologiki gullugy müdirligiň öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biridir. Gullugyň agzybir hünärmenleri Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl uly dabara bilen baýram ediljek 30 ýyllyk şanly senesini ýokary önümçilik görkezijileri bilen garşy almak üçin her bir aýy üstünlikli jemleýärler.
Nebitgaz toplumy: buýsandyryjy netijeler, geljegi uly maksatnamalar
15.06.21 - 15:47Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän energetika strategiýasy ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod kuwwatynyň netijeli amala aşyrylmagyna hem-de energetika pudagynda milli we döwlet bähbitlerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir.
Guýulary bökdençsiz işletmegiň çäreleri
15.06.21 - 15:49Nebit önümli gatlaklaryň geologik-fiziki häsiýetnamalaryny, guýularyň önüminiň düzümini we häsiýetlerini, olaryň gurluşlaryny we işleriniň taslama düzgünlerini hasaba alyp, ulanyş döwründe ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlaryna seredip, öz wagtynda çäresini görüp, nebit akymyny artdyrmak öňde goýlan esasy wezipedir. Çüwdürimli guýularyň kadaly iş düzgüni saýlanyp alnanda, olaryň ştuseriniň diametriniň, gaz faktorynyň, debitiniň (çykymynyň) möçberiniň sazlanylmagy we gatlaklarynyň parametrleriniň öwrenilip seljerilmegi göz öňünde tutulýar.
Sarpasy uly halypa
15.06.21 - 15:50Manyly ömrüniň 36 ýylyny ýa-da bütin zähmet ýoluny ülkämiziň gaz senagaty ulgamynyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekmeklige bagyşlan tejribeli hünärmen Agajan Mapbakowyň ýetginjeklik ýyllary Mary welaýatynyň çägindäki baý gory bolan Gündogar hem-de Günbatar Şatlyk gaz käniniň ýokary depgin bilen özleşdirilip başlanan ýyllaryna gabat gelipdi.
Garagumdaky gyzgalaňly işler
15.06.21 - 15:51«Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň gurluşykçylary ata Watanymyzyň şanly toýuny — Garaşsyzlyk baýramyny saldamly zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinip, her iş gününi üstünlikli jemleýärler.
Şanly ýyldaky şowly gadamlar
08.06.21 - 16:08Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän şanly 30 ýyllyk baýramyny zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak, ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň başarjaň işgärleriniň baş maksadydyr.
Möwsüme taýýarlyk möhüm wezipe
02.06.21 - 03:43«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda ýerleşýän gaz hojalyk edarasynyň gazçylarynyň etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny ýylyň islendik möwsüminde milli baýlygymyz bolan «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek maksadynda şu günler durmuşa geçirýän derwaýys işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Durky täzelenen beket müşderilere hyzmat edýär
02.06.21 - 03:44Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Baýramaly nebit önümleri kärhanasynyň agzybir zähmet adamlary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde giňden toýlanýan şanly seneleri sowgatly garşylamagy özleri üçin asylly däbe öwürdiler.
Türkmenistan — Gruziýa: nebit önümleriniň eksporty artýar
02.06.21 - 03:48Şu ýyl Türkmenistanda öndürilýän nebithimiýa önümleriniň Gruziýa iberilýän möçberi ep-esli artdy.
Şahamçadaky utgaşykly işler
02.06.21 - 03:49Zergär Türkmenabat nebit önümleri kärhanasynyň iri şahamçalarynyň biridir. Bu ýere Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan dürli görnüşli nebit önümleri yzygiderli gelip gowuşýar.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy
02.06.21 - 03:50Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen Bütindünýä welosiped güni parahatçylyk, sagdynlyk we ruhubelentlik ýaly adamzat gymmatlyklarynyň ähmiýetini alamatlandyrýan halkara baýramçylyga öwrüldi we her ýylyň 3-nji iýunynda jahanyň çar künjeginde giňden bellenilýär.
Toý sowgatlary saldamly bolar
25.05.21 - 16:43«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylarynyň şu günler etrabyň çäginde bar bolan dürli basyşly gaz geçirijilerini we gaz paýlaýjy hem-de sazlaýjy enjamlaryny düýpli abatlap, geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmak ugrunda durmuşa geçirýän işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Öz işiniň ussatlary
25.05.21 - 16:44«Türkmennebit» döwlet konserniniň Gaz toplaýyş we akdyryş müdirligine degişli bolan «Goturdepe», «Barsagelmez» we «Hazar» gaz gysyjy desgalarynda döwrebap işler alnyp barylýar. Häzirki zaman dünýäsiniň iň bir kämil kuwwatlyklaryna eýe bolan bu desgalaryň netijeli işledilmegi bilen müdirlik boýunça ýylyň geçen dört aýynda toplanylyp, arassalanylyp we gaýtadan işlenilip, konserniň nebitli guýularyna ugrukdyrylan gazyň umumy möçberi 1 milliard 928 million kubmetrden hem köp boldy.
Tebigy gazyň çykarylyşy we eksporty artýar
25.05.21 - 16:45«Türkmengaz» döwlet konserni uglewodorod çig malyny çykarmagyň depginini artdyrýar. Şu ýylyň dört aýynda ýer astyndan tebigy we ugurdaş gazyň 29 milliard kubmetre golaýy, ýagny geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 4 milliard kubmetrden gowragy çykaryldy. Ösüş depgini 116,2 göterime deň boldy.