Nebit önümçiligine saldamly goşant goşulýar
25.05.21 - 16:48Nebit önümçiliginde, ýagny çig nebitiň çykarylyşynyň depginini talap edilýän ýokary derejede saklamak üçin üns merkezinde saklamaly wajyp meseleleriň biri ulanyş guýularynyň ählisiniň hereket etmegi bolup durýar. Dürli sebäplere görä wagtlaýyn hereket etmeýän guýularda gaýragoýulmasyz şertlerde degişli abatlaýyş işlerini geçirip, ulanyşa girizmek talap edilýär.
Arzuwlaryň wysaly sen, Aşgabat!
26.05.21 - 13:30Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ýüregi bolan Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Ak mermere örtülen beýik binalary we ajaýyp ymaratlary bilen gözelleşýän, dünýäni haýrana goýýan Aşgabat bagtyýarlyk döwrümiziň keşbini janlandyrýar.
Arkalaşykly iş abraý getirýär
19.05.21 - 17:05«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda döwletimizde tebigy gazyň çykarylyşynyň artdyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň beýleki önümçilik düzümleri bilen birlikde Tamponaž müdirliginiň zähmet adamlary hem öz mynasyp goşandyny goşýarlar. Olar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna zähmet sowgatlary bilen barmak üçin häzir iş depginlerini has-da ýokarlandyrýarlar.
Şanly senelere mynasyp sowgat bilen
19.05.21 - 17:06Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň başarjaň işgärleri tamamlanýan her bir aýy zähmet üstünliklerine besleýärler. Nebiti gaýtadan işleýjiler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy senelerini, ilkinji nobatda bolsa, ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny we hünär baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylamagy maksat edinip, artdyrylan gaýrat bilen zähmet çekýärler. Munuň şeýledigine kärhana boýunça üstümizdäki ýylyň geçen dört aýynda gazanylan maliýe-ykdysady görkezijilere ser salanyňda hem aýdyň göz ýetirip bolýar.
Sementlemek arkaly guýulary abatlamak
11.05.21 - 16:54Nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmegiň tehnologiýasy we toplumlaýyn mehanikasy hünäri boýunça 50 ýyla golaý «Goturdepe» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginde işläp, geçen ýyl hormatly dynç alşa çykdym. Biz guýulary düýpli abatlamak işinde örän çylşyrymly we jogapkärli hasaplanylýan sementlemek işini geçirmegiň tärleri barada «Nebit-gaz» gazetiniň üsti bilen ýaşlara hem-de hünärmenlere gürrüň bermegi makul bildik.
Ýerasty baýlyklaryň mesgeni
11.05.21 - 16:56«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Keýmir» nebitgaz çykaryş müdirligi (NGÇM) Balkanabat şäherinden 210 kilometr daşlykda ýerleşen, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň günorta sebitindäki nebitgaz känleriniň dördüsini — Ekerem, Akpatlawuk, Keýmir we Kemer meýdançalaryny özüne birleşdirýär.
Eşretli ýaşaýşyň hyzmatynda
11.05.21 - 16:57Halkymyza durmuşy eşretleriň barha elýeterli bolmagy ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler özüniň gözbaşyny hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden alýar. Ýaşaýşy abadançylyga besleýän eşretleriň biri-de tebigy gazdyr.
Mübärek aý
11.05.21 - 16:58Oraza bütin musulman ymmatynyň baýramydyr. Musulman senenamasynyň dokuzynjy aýy bolan «Aýlaryň soltany» adyny alan Oraza aýy haýyr-sahawata, ynanç-ygtykatlara, ýagşy niýet-pällere, alkyş-dileglere, mähir-muhabbete, sogaplara beslenen aýdyr.
Aşgabat — täsin rekordlaryň şäheri
10.05.21 - 20:47Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, şäheriň Aşgabat ady (eshq «söýgi») we (abad «şäher») diýen pars sözlerinden gelip çykypdyr.
Şöhratly şäher
07.05.21 - 23:43Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäheri öz ajaýyp görküni has-da gözelleşdirýär.
Taryhy wakalar beýik işlere badalgadyr
04.05.21 - 16:05Toýlary toýa ulaşýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň möhüm ähmiýetli taryhy wakalarynyň birine öwrüldi.
Maksat — önüm öndürilişini artdyrmak
04.05.21 - 16:07Mukaddes senäni — Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen garşylamak, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleriniň üstümizdäki ýyldaky baş maksadydyr.
Türkmenistan — ÝB: energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk
04.05.21 - 16:092021-nji ýylyň ahyryna çenli Ýewropa komissiýasy Ýewropa Bileleşiginiň elektrik energetikasy we gaz ulgamynda umumy gyzyklanma döredýän taslamalaryň täze sanawyny tassyklar (PCI). Bu sanawa Ýewropanyň energetika bazary üçin zerur bolan hem-de ÝB-niň elýeterli, howpsuz we durnukly energiýany üpjün etmek boýunça energetika syýasatynyň maksatlaryna ýetmek üçin möhüm bolan taslamalar girizilýär.