Tebigy gaz öý-ojaklara eşret paýlaýar
04.05.21 - 16:11Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak baradaky sahawaty esasynda döwletimiz tarapyndan ilatymyza berilýän milli baýlygymyz — tebigy gaz her bir öý-ojaga eşret paýlaýar. Bagtyýar halkymyzyň tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün edilmeginde «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň önümçilik düzümleriniň gazçylarynyň mynasyp paýy bar.
Döwrüň ruhuna mahsus işler
04.05.21 - 16:12«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda barha rowaçlyga beslenýän üstümizdäki ýylymyzyň her bir aýyny ýokary iş görkezijileri bilen jemleýän «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary barha golaýlaşýan ak mermerden paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senelerini mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrunda şu günlerden uludan taýýarlyk görýärler.
BINAGÄRLIGIŇ GUDRATY
02.05.21 - 19:28Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýüregi — Aşgabat şäheriniň ajaýyp keşbi kalbyňda iň ýagşy arzuwlary döredýär we ruhuňy göterýär. Bu täsinligi gözel paýtagtymyzyň özboluşly sazlaşygy emele getirýän ak mermer binalarynda, suw çüwdürimli seýilgählerinde, reňbe-reň açylan güllerinde, saýaly baglarynda, şugla saçýan döwrebap ýollarynda, innowasion tehnologiýalaryň sazlaşygynda, şeýle-de adamlaryň şadyýanlygynda we bagtlylygynda görmek bolýar.
Ähmiýetli okuw sapaklary
02.05.21 - 19:36Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwi «Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, ýokary we orta mekdeplerde arhiw resminamalaryny peýdalanyp okuw sapaklaryny geçirýär.
ARKADAGYŇ BAGT ŞÄHERI, AŞGABAT
30.04.21 - 16:23Bu gün ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp keşbi, gaýtalanmajak gözelligi, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent derejeleri halkymyzyň baş şäherimize buýsanjyny has-da artdyryp, ýeneki üstünliklere ruhlandyrýar.
Nusgalyk şäher
29.04.21 - 20:30Häzirki ösen döwürde paýtagt derejesindäki şäherler döwletiň geçmişini, şu gününi we geljegini, ösüşini, ýaşaýyş derejesini açyp görkezýär. Öz döreýşi boýunça her bir paýtagt şäheriň özboluşly aýratynlyklary bar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäheriniň döreýşi türkmen halkynyň ruhy we milli galkynyşy bilen baglanyşyklydyr.
Arkadagyň sungaty sen, Aşgabat
28.04.21 - 16:40Dünýäde dost-doganlygyň, parahatçylygyň dabaralanýan ýurdy hökmünde ykrar edilen Arkadagly Diýarymyz paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň dabaraly toýunyň öňüsyrasynda dur. Bu gün baş şäherimiziň dünýäniň iň gözel we iň abadan şäherleriniň birine öwrülendigini nygtamak kalbymyzyň töründe buýsandyryjy duýgulary oýarýar.
Aşgabat — gözelligiň nusgasy (Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
26.04.21 - 20:33Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Aziýanyň merjen şäheri hasaplanýan Aşgabat şäherimiz binagärlik-gurluşyk, medeniýet, ekologiýa abadançylygy, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň kämilligi babatynda dünýä derejesinde düýpli özgertmelere eýe boldy.
Tebigy gazyň eşreti
30.03.21 - 17:09«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň iri hem-de öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biri bolan «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň hünärmenleridir işçileri döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şu ýyl uly dabara bilen belleniljek 30 ýyllyk şanly toýuna sowgatly barmak üçin döredijilikli hem gözlegli zähmet çekýärler. Häzirki günlerde gazanylýan ýokary önümçilik görkezijileri müdirligiň gazçylaryna «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda ýokary sepgitleri eýelemeklige şert döredýär.
Önümleriň görnüşleri artdyrylýar
30.03.21 - 17:17Ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän senagat kärhanalary Türkmenbaşy we Seýdi şäherlerinde ýerleşýär. Günbatar we Merkezi Türkmenistanda çykarylýan nebit Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gaýtadan işlenilýär.
Suwuklandyrylan gazdan netijeli peýdalanylýar
30.03.21 - 20:27«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gazçylary welaýatyň medeni zolakdan uzakda ýerleşýän obalarynyň ýaşaýjylaryny we Garagum sährasynyň jümmüşindäki obalaryň ilatyny suwuklandyrylan gaz bilen ýeterlik derejede üpjün etmek ugrunda netijeli işleri alyp barýarlar. Bu ugurda müdirligiň gaz dolduryjy bekediniň işçi-hünärmenleriniň şu günler ýerlerdäki gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary bilen agzybirlikde durmuşa geçirýän derwaýys işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Ojakdan gözbaş alyp...
30.03.21 - 20:29Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän, uç-gyraksyz Garagum. Onuň asty hem, üsti hem durşuna genji-hazyna. Baryp-ha geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň ortalarynda Demirgazyk — Gündogar Garagumda ýerasty baýlygyň — «mawy ýangyjyň» köp mukdardaky gorunyň bardygy anyklanylýar.
Maksat — ösüşlere goşant goşmak
09.03.21 - 15:11Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine saldamly goşant goşmak ýaly il-ýurt bähbitli işe ruhubelentlik bilen goşant goşýanlaryň arasynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmen geologiýa gözleg ekspedisiýasynyň Köýtendag geologiýa gözleg partiýasynyň başarjaň we janypkeş işgärleri hem bar. Olaryň birleşen tagallalary arkaly ýyllar rowaçlyklara, düýpli ösüşlere beslenýär.