“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy HALKARA TENDERIŇ möhletini uzaldýar: 15.09.2026-20.10.2026

“Türkmengeologiýa” DK Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin işleriň we hyzmatlaryň potratçylaryny bäsleşik (tender) esasynda seçip alýan Toparyň adyndan tender teklipleri kabul etmegiň möhletini uzaldýar  HALKARA TENDER №02/26 “Türkmengeologiýa” DK üçin Aýratyn iş taslamasyna laýyklykda Akpatlawuk ýatagynyň  №01 gözleg guýusyndaky miosen (N1) çökündileri burawlamak we özleşdirmek (synag etmek) barada (tender bitewi bolup durýar)

Tendere gatnaşmak üçin Size şular teklip edilýär:
·     tendere gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alynan ýurduny we rekwizitlerini hem-de kompaniýanyň işi barada maglumatlary görkezmek bilen, tendere gatnaşmak islegi barada arzany bermek (offşor zolaklarynda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arzalar kabul edilmeýär);
·     “Döwlet hajatlary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Tenderi geçirmegiň düzgünlerinden” göçürme hem-de tendere gatnaşmak üçin zerur bolan resminamalar bilen tanyşmak;
·     Geologiýa-tehiki tabşyrygy hem-de şertnamanyň esasy şertlerini almak;
·     Tendere gatnaşmak üçin ABŞ-nyň 1 500 (bir müň bäş ýüz) dollary möçberinde (GSB we bank çykdajylaryny hasaba almazdan) serişdeleri ýa-da şoňa barabar manat serişdelerini tölemek üçin hasap almak.

Serişdeleri geçirmek üçin hasap arza berilenden soň gowşurylar.

Tender resminamalarynyň bukjalary doly tender teklipli, mastika möhri bilen tassyklanyp ýelmenen bukjada (kotirowkaly) kabul ediler hem-de serişdeler “Türkmengeologiýa” DK-niň hasabyna gelip gowşandan soň serediler.Tender  teklipli (kotirowkaly) bukja tender resminamalarynyň bukjasynda görkezilen sanawa laýyklykda düzülmelidir. Tender bukjasyna hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy şertleriniň elektron görnüşini (“Word” formatda) hem-de tehniki-ykdysady spesifikasiýany (“Excel” formatda) salmaly.

Zerur bolan maglumaty, şeýle hem yglan edilen lotlaryň spesifikasiýasyny http://www.tmgeology.gov.tm/ we/ýa-da http://www.oilgas.gov.tm/ internet saýtlaryndan alyp bolar.

Ýokarda görkezilen ähli resminamalary we tender teklipleri Aşgabat, Arçabil şaýoly 56 salgysy boýunça “Türkmengeologiýa” DK-ne ibermeli.

Teklipleri bermegiň möhleti 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabryndan 2026-njy ýylyň 20-nji oktýabryna çenli ýerli wagt bilen sagat 12-ä çenli uzaldylýar.

Elektron poçtanyň salgysy: tdk@tmgeology.gov.tm ýa-da marketing@tmgeology.gov.tm
Habarlaşmak üçin şu telefonlar: 40-34-52, 40-34-62 boýunça ýüz tutmaly, faks 40-34-53
Tehniki meseleler boýunça: 40-34-13, 40-34-79, 40-34-66.

Nebitgaz №37
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№37

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 15-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993