«Türkmennebit» döwlet konserni uglewodorod çig malyny çykarmagyny artdyrýar: şu ýylyň on aýynda nebitiň 3 million 245 müň tonnadan gowragy çykaryldy. Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklara laýyklykda ýataklary işläp taýýarlaýan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň goşandyny nazara alanyňda, ýurdumyzyň ýer astyndan nebitiň we gaz kondensatynyň 8 million tonna golaýy gazylyp alyndy.
Konsernde guýulary gündelik we düýpli abatlamak, şeýle hem täze guýulary burawlamak boýunça geçirilýän geologiýa-tehniki çäreleriň hasabyna uglewodorod ýataklaryny işläp taýýarlamagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýokary tilsimatly tehniki hyzmatlary babatda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk işjeňleşdirildi.