Tebigy gaz bökdençsiz akdyrylýar

Tebigy gaz bökdençsiz akdyrylýar

«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän önümçilik edaralarynyň gazçylary şu ýylyň 10 aýynyň iş tabşyryklaryny netijeli jemlemek bilen, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe sowgatly barýarlar. Şeýle zähmet galkynyşy Diýarymyzyň tebigy gaz ýataklaryna baý bolan günorta böleginde ýerleşýän gaz känlerinden alynýan «mawy ýangyjy» arassalap we güýçlendirip, ýurdumyzyň demirgazygyndaky sarp edijilere üstaşyr ýetirmekde nusgalyk işleri alyp barýan müdirligiň «Garagum» önümçilik edarasynyň gazçylary üçin hem häsiýetlidir.

Häzirki güýz günlerinde «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde iş alyp barýan hem-de hormatly Prezidentimiziň bu möhüm pudagy ösdürmeklige berýän yzygiderli kömek-goldawlaryndan ruhlanyp, her bir iş günlerini özboluşly zähmet rowaçlyklaryna besleýän edaranyň işgärleriniň şu ýylyň on aýynyň jemi boýunça gazanan zähmet netijelerem diýseň guwandyryjydyr. Müdirligiň düzümine girýän «Şatlyk» gaz gysyjy bekedinden gelýän tebigy gazy beýleki himiki düzümlerden arassalap, güýçlendirilen görnüşinde demirgazykda ýerleşýän «Çöllük» gaz gysyjy desgasyna üstaşyr geçirmekde tamamlanyp barýan ýylyň her bir aýynyň tabşyryklaryny dolulygyna ýerine ýetirmegi başaran edarada işler gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz alnyp barylýar. Edarada işleriň dünýäniň ösen kompýuter enjamlary we tilsimatlary arkaly dolandyrylmagy üstaşyr akdyrylýan tebigy gazyň halkara hil derejesinde bolmagyny we önümçiligiň sazlaşykly gitmegini şertlendirýär. Bu ýerde zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň aglaba böleginiň ýaşlardan bolmagy bolsa bagtyýarlyk döwrümizde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ýaşlaryny iş bilen üpjün etmek ugrunda edýän uly aladalarynyň ähli pudaklarda gyzgyn goldawa eýe bolýandygyndan hem-de geljekde bu toplumy gülledip ösdürjek türkmen ýaşlarymyzdan bolan kämil hünärmenleriň kemala gelendiginden habar berýär.

Материал только для подписчиков

Чтобы дочитать материал

Подписаться
Nebitgaz №34
Скачайте полную версию в формате PDF
Печатная версия газеты

В свежем номере

№34

25 августа 2026 г.

Скачайте полную версию в формате PDF

Цена: 1 TMT

+993