«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 18-nji dekabrynda bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen mejlisini ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti, Belarus Respublikasynyň Prezidenti, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji, Parlamentiň ýolbaşçysy, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde eden çykyşynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga deňagramly we toplumlaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda möhüm orun eýeleýändigini nygtap geçdi. Arkalaşygyň ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ulag, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk we kommunikasiýa, senagat, söwda, innowasiýalar we tehnologiýalar ýaly ugurlar görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň ykdysady bähbitlerini Arkalaşygyň geografiki çäginden daşarda ilerletmegiň, bilelikdäki taslamalara golaýdaky ýurtlaryň we goňşy sebitleriň goşulmagyny gazanmagyň möhümdigi bellenildi. Ilkinji nobatda, munuň özi ulag-üstaşyr düzümi döretmäge, energiýa serişdeleriniň iberilişini kadalaşdyrmaga we giňeltmäge, täze aragatnaşyk we kommunikasiýa ulgamlaryny çekmäge degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.