Häzirki döwürde dünýäde energiýa durnuklylygynyň üpjün edilmegi gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleriniň ösdürilmegi bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere uly üns berilýär.
Türkmenistan 2009-njy ýylda bu ugurda ýöriteleşdirilen halkara gurama bolan Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA) döretmek baradaky başlangyjy ilkinjileriň hatarynda goldady. Ýurdumyz 2018-nji ýylda onuň doly hukukly agzasy boldy. Milli Liderimiziň tagallasy bilen şol ýylda IRENA agentligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2019 — 2023-nji ýyllar üçin ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn çäreleriň meýilnamasy düzüldi hem-de ýurdumyzyň degişli Pudagara iş topary döredildi.